2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň diwanynyň ýolbaşçysy Araik Arutýunýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň başynda Ilçi A.Arutýunýana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana ýollanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna çakylygy gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy meselelerine garadylar we bu ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Şonuň bilen birlikde, möhüm şanly wakalaryň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmeginiň 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygy bellenildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerinden peýdalanyp iki ýurduň arasyndaky söwdany ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.