Ï Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 1102
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Mohammed Hamel bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar ählumumy energetika bazarlaryndaky häzirki ýagdaýy hem-de guramalar bilen ýöriteleşdirilen düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Türkmenistanyň GECF-e goşulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Taraplar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatynyň netijeleriniň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmen tarapy GECF-iň hünärmenleriniň gatnaşmagynda degişli okuw sapaklaryny we seminarlary geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri GECF-iň wekillerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistan tarapyndan gurnaljak çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen GECF-iň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ynam bildirdiler.