Şu gün türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. Esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.
Gadymy döwürlerden bäri Nowruz baýramy tebigatyň janlanmagyny, ýaşaýşyň täzelenmegini alamatlandyrýar. Baharyň gelmegi bilen daş-töweregimizdäki ähli zat gözümiziň alnynda özgerýär, reňbe-reň gül açýar, Zemin ýaşyl begrese bürenýär. Köpetdagyň dag etekleriniň ajaýyp tebigy gözelligi, ösümlikleriň we gülleriň ysy bark urýan arassa howa hemmeleriň göwnüni göterýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý medeni mirasynda mynasyp orun eýeleýän bu ajaýyp baýramyň köpasyrlyk däp-dessurlary täze mazmuna eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, Nowruz baýramy 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň gün tertibiniň “Dünýä medeniýeti” bölüminiň çäklerinde 21-nji martda Halkara Nowruz gününi bellemek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi bu ajaýyp baýramyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, raýdaşlygy berkitmekde ähmiýetiniň ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Şeýlelikde, Nowruz döwürleriň üznüksiz baglanyşygyny we nesilleriň dowamatlylygyny, umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklarynyň mizemezligini özünde jemlemek bilen, medeniýetara dialogyň ajaýyp mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyza iberen Gutlagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň taryhy ähmiýetiniň has-da ýokarlanýandygyny belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, tebigatda täzelenişiň, gülleýşiň baýramy bolan Nowruz ynsan kalbyna tämiz duýgulary eçilýär, gözellige, abadançylyga söýgi döredýär. Taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň durmuşyna we medeniýetine mäkäm ornaşypdyr. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar her bir halkyň milli aýratynlyklaryny görkezmek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy we ynanyşmagy berkidýär.
Şu gün “Nowruz ýaýlasynda” uludan tutulýan türkmen toýunyň şowhunly ýagdaýy emele geldi, joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy. Baýramçylyk dabaralarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur mazmunly eserleri, halkymyzyň gadymdan gelýän, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, açyklyga, zähmetsöýerlige, döredijilige esaslanýan däp-dessurlary öz beýanyny tapdy. Halkymyzyň ýokary ynsanperwer, ruhy-ahlak gymmatlyklary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň oňyn içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Şeýle hem olar döwlet Baştutanymyz, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülýän, halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýan asylly başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen birlikde, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylyň ýurdumyzyň teklibi esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Joşgunly aýdym-sazlar, sahnalaşdyrylan çykyşlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy. Olarda Watanymyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň mizemez agzybirligi we jebisligi, ýurdumyzyň saýlap alan döredijilikli ýolundaky ynamly ädimleri wasp edildi. Folklor-etnografik sahna eserlerinde, artistleriň çykyşlarynda gadymy döwürlerden şu günlere çenli gelip ýeten Nowruz baýramynyň taryhy hem-de däpleri janlandyryldy. “Nowruz ýaýlasynda” bezemen ak öýler dikilip, türkmen obasynyň keşbi emele getirildi. Onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş, maşgala bilen bagly däp-dessurlary, oba durmuşynyň aýratynlyklary şöhlelendirildi. Şeýle hem bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň eserleri, senetleriň görnüşleri görkezildi.
Ajaýyp türkmen halylary nepis gözelligi, reňkleriň we nagyşlaryň sazlaşygy, berkligi, ýokary hili bilen bütin dünýäde giňden şöhratlanýar. Halkymyz üçin haly diňe bir öýüň bezegi däl-de, onuň ruhy dünýäsiniň belent senasydyr. Her bir haly aýratyn manysy bolan özboluşly göller bilen bezelendir. Türkmen halyçylarynyň elde dokalan bu nepis eserlerinde ýurdumyzyň tebigatynyň, bizi gurşap alýan dünýäniň gözelligi, halkymyzyň durmuş ýoly, taryhy şekillendirilendir. Kökleri gadymy döwürlere uzaýan milli keşdeçilik sungaty hem özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmen keşdeçileri iňňe we sapak bilen gündelik ýa-da baýramçylyk lybaslaryny, milli başgaplary, halylary, öý goşlaryny ajaýyp esere öwürýärler. Keşdeleriň çeperçilik gymmaty reňkleriň sazlaşygy, nagyşlaryň nepisligi bilen kesgitlenilýär. Halyçylykda bolşy ýaly, bu täsin sungatyň inçe syrlary hem nesilden-nesle geçip gelýär. Häzirki wagtda çeper elli keşdeçilerimiziň ussatlygy, zehini bilen milli keşdeçilik sungaty gadymy däplerdir häzirki zaman meýillerini özünde sazlaşykly utgaşdyryp, täze nagyşlar bilen baýlaşdyrylýar.
Şaý-sepleriň täsin nusgalaryny döredýän türkmen zergärleriniň eserleri hem nepisligi, ýokary estetik-çeperçilik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Halkymyzyň bu sungaty taryhy müňýyllyklardan gözbaş alýar, muňa alymlaryň ýurdumyzyň çäklerinde ýüze çykaran arheologik tapyndylary hem şaýatlyk edýär. Türkmen şaý-sepleri şekiliniň, göwrüminiň, nagyşlarynyň, ähli bezegleriniň sazlaşygy bilen häsiýetlendirilýär. Elbetde, olaryň arasynda gelin-gyzlaryň şaý-sepleri aýratyn orun eýeleýär. Çagalar üçin niýetlenen gözden-dilden goraýan şaý-seplerdir bezeg önümleri hem nepisligi bilen tapawutlanýar. Zergärler bedewleriň şaý-seplerini ýasamakda-da ýokary ussatlyk derejesine ýetipdirler. Olar şu güne çenli ahalteke atlarynyň özboluşly bezegi bolmagynda galýar. Türkmen halkynyň milli senetleriniň hatarynda demirçilik we küýzegärlik, zähmet gurallaryny, at esbaplaryny, saz gurallaryny, keçe önümlerini taýýarlamak we beýlekiler bar. Olarda senetçileriň zähmetsöýerligi, zehini, döredijilik mümkinçilikleri öz beýanyny tapýar.
Nowruz geçen asyrlaryň dowamynda halk döredijiliginiň ähli görnüşlerini özünde jemledi. Häzirki wagtda ol dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen özboluşly milli mirasdyr. Muny türkmen halkynyň sungatynyň, senetleriniň we özboluşly däp-dessurlarynyň aýry-aýry görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem tassyklaýar. Nowruzyň biziň günlerimizde “gadymy gözbaşlara gaýdyp gelmegiň baýramy” diýlip atlandyrylmagy tötänden däldir. Daşky gurşaw bilen sazlaşykda ýaşamak, tebigata aýawly çemeleşmek türkmen jemgyýetiniň dünýägaraýşynyň, durmuş filosofiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň yzygiderli geçirilip, müňlerçe bag nahallarynyň oturdylýandygyny bellemek gerek. Netijede, seýilgähleriň we baglaryň sany ýylsaýyn artýar, ynsan eli bilen döredilen tokaý zolaklarynyň meýdany giňeýär. Türkmenistanda daşky gurşawy goramak, biodürlüligi saklamak, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ekologik taýdan arassa, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin görülýän giňişleýin çäreler ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň öňünde durýan derwaýys meseleleriň çözülmegine anyk goşant goşup, Türkmenistan howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň netijelerini ýeňip geçmek bilen baglanyşykly halkara başlangyçlary hem öňe sürýär.
Zähmetsöýer halkymyzyň köpasyrlyk ekerançylyk medeniýeti tebigata we onuň baýlyklaryna aýawly çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen topragynyň oba hojalygynyň ösüşi babatda dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň biridigi ylmy taýdan tassyklanyldy. Baharyň gelmegi daýhanlar üçin täze, jogapkärçilikli möwsümiň başlanmagyny aňladýar. Bu ugurda hem meýdan işlerine ak pata bermek bilen baglanyşykly däp-dessurlar bar. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri ussat daýhanlar we maldarlar bolup, däneli, bakja we beýleki ekinlerden bol hasyl alypdyrlar, dürli baglary ösdürip ýetişdiripdirler. Şol döwürlerde olar oba hojalyk meýdanlaryny suwarmak üçin emeli suw howdanlaryny, suwaryş ulgamlaryny döredipdirler. Häzirki döwürde olaryň baý tejribesi bu pudaga giňden ornaşdyrylýan öňdebaryjy usullar we tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, Türkmenistanda obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň, pudakda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň binýadyny emele getirýär.
...“Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dowam edýär. Sungat ussatlary, döredijilik toparlary, ýaşajyk artistler dabara gatnaşyjylary, şol sanda daşary ýurtly myhmanlary joşgunly aýdym-sazlar, tanslar bilen garşylaýarlar. Folklor äheňleri häzirki döwrüň batly gadamlary bilen sazlaşykly utgaşýar. Emele gelen şatlyk-şowhun ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Nowruzyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolan belent hiňňildikler, esasan-da, ýaşlary özüne çekýär. Hiňňildik uçmak ruhy taýdan arassalanmak dessury hasaplanýar we onuň ýaşaýyş üçin güýç-kuwwat berýändigine ynanylýar. Gyzykly milli oýunlardyr bäsleşikler hem ünsüňi çekýär. Şeýle-de bu ýerde türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolan milli tagamlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Bugdaýa un we şeker goşulyp taýýarlanylýan semeni Nowruz baýramynyň däp bolan tagamydyr.
Ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ezber çapyksuwarlar Türkmenistanda geçirilýän milli baýramçylyklaryň bezegidir. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary at çapmagyň ýokary ussatlygyny görkezdi. Bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhurdyr. Ahalteke atlarynyň gözelligi, asylly keşbi, syrdamlygy, ýyndamlygy, türkmen ýigitleriniň at çapmakda ussatlygy, ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleri tomaşaçylarda hemişe ýakymly täsirleri galdyrýar. “Galkynyş” topary ençeme halkara bäsleşikleriň we festiwallaryň baýraklarynyň eýesidir. Şu ýyl topar Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Bu topar ajaýyp üstünlikleri bilen meşhur ahalteke atlarynyň bütin dünýädäki şöhratyny has-da belende göterýär.
Behişdi bedewleriň mekany bolan Türkmenistanda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, arassa ganly bedewleriň baş sanyny köpeltmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatlary uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki açyldy. Her ýyl ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilýär we bedewleriň halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
“Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylan baýramçylyga bagyşlanyp, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Ol “Gül-gülzara beslenip Nowruz geldi ilime” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Şeýle hem konsertiň maksatnamasyna Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, gazanylýan uly üstünlikleri, agzybir türkmen halkyny wasp edýän aýdym-sazlar, tans we halk döredijilik eserleri girizildi. Meşhur aýdymçy-sazandalar, söz ussatlary, “Meňli”, “Laçyn”, “Galkynyş”, “Serpaý”, “Aşgabat”, “Näzli”, “Miras” we beýleki döredijilik toparlary öz zehinini görkezdiler. Joşgunly küştdepdi tansy konsertiň iň şowhunly çykyşlarynyň biri boldy. Milletiň taryhy-medeni ýörelgeleriniň, ruhy tejribesiniň sazlaşygyny beýan edýän halk döredijiliginiň täsin nusgasy bolan küştdepdi geçmişiň däpleriniň we häzirki döwrüň döredijilik ruhunyň sazlaşykly utgaşygydyr. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy aýdym we tans dessury bu günki gün häzirki döwrüň ruhy beýany hökmünde täze mazmuna eýe bolýar.
Konsert oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Parahatlyk bahary” atly aýdym bilen jemlendi.
Şu gezekki giň gerimli baýramçylyk dabarasyna köp sanly daşary ýurtly syýahatçylaryň gatnaşandygyny hem bellemek gerek. Olaryň Türkmenistana, onuň şöhratly taryhy geçmişine, uly üstünliklere beslenýän häzirki döwrüne gyzyklanmalary barha artýar. Daşary ýurtly myhmanlar şatlyk-şagalaňy, aýdym-sazlary, tanslary öz içine alýan uly türkmen toýuna mahsus dabaranyň şaýady bolmaga mümkinçilik aldylar.
***
Şu gün Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda, Arkadag şäherinde hem geçirildi.
Müňýyllyklardan gözbaş alýan bu nurana baýram häzirki döwürde jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, türkmen halkyny Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, häzirki we geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň bähbidine döredijilikli zähmete, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Nowruz baýramy Ýer ýüzüniň halklarynyň hem-de döwletleriniň arasyndaky özara düşünişmegi, dialogy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyryş bolup kalplarda orun alýar.