Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan sergide «Köýtendagly» söwda belgisi bilen ary baly önümlerini öndürijiler arassalanan pisse, badam, pytnyk we beýleki dürli hozlar garylan ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli bal hödürlediler.
Kärhana önümçiligini ösdürip, ýurdumyzyň welaýatlarynyň balçylary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Mundan başga-da, sublimirlenen miweleri öndüriji «Erem» kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu hyzmatdaşlyk ýertudana tagamly baly döretmäge mümkinçilik berdi.
Bu, häzirlikçe, synag üçin öndürilen önümdir. Täze önümi eýýäm dadyp görenler oňa gowy baha berdiler. Häzirki wagtda bizde dürli tagamly ondan gowrak balyň görnüşi bar – diýip, kompaniýanyň wekili Näzik Penjiýewa aýtdy.
«Köýtendagly» hususy kärhanasynyň önümlerine ýerli sarp edijiler uly isleg bildirýärler. Türkmen baly Katar döwletine eksport edildi. Owganystanyň bazaryna çykmak meýilnamalary hem bar.