Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary tomaşaçylar üçin «Nowruz geldi ilime» atly konsertini taýýarlady.
Bu teatryň sahnasyndaky çykyşlaryň halk arasynda meşhurdygyny bellemelidiris. Tomaşaçylar aktýorlaryň estrada çykyşlaryna tomaşa etmekden lezzet alýarlar. Şunuň ýaly çykyşlara teatr oýunlaryndan kem garalmaýar.
Aktýorlar üçin estrada wokalçysy hökmünde sahna çykmak aýdym žanryndaky zehinini görkezmek üçin mümkinçilikdir. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdymçy aktýor köp. Teatryň «sazly» ady ýöne ýerden däl.
Nowruz – milli baýram. Baharyň gelmegi bilen, hoş owazly sazlar her bir adamyň kalbynda ýaňlanýar. Tomaşaçylar hoş owazdan we wäşileriň ajaýyp degişmelerinden ýene bir gezek lezzet almak üçin teatryň zalyny höwes bilen doldurýarlar. «Nowruz geldi ilime» atly konserti Türkmenistanyň halk artisti Halbike Dowyýewa «Uz eýlär» aýdymy bilen açdy. Onuň kärdeşi Batyr Hojagulyýew «Nowruz» aýdymy bilen çykyş etdi.
Konsert watançylyk mowzugyndan sowlup geçmedi. «Watanym Türkmenistan» aýdymyny Nargiz Hallyýewa ýerine ýetirdi. Bu mowzugy Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkeş Mätnazarow dowam etdirdi. Konserti alyp baryjy aýdymçynyň adyny yglan edenden, zal şowhunly el çarpyşmalar bilen başlady: Tirkeş Mätnazarowyň özüne çekiji bas sesi tomaşaçylara mälim. Tirkeş Mätnazarow «Türkmen sährasy» aýdymyny ýerine ýetirdi.
Konsertiň dowamynda Annamyrat Saparowyň, Oguljan Meretdurdyýewanyň, Perhat Ibragimowyň we beýleki teatr aktýorlarynyň aýdymlarydyr degişmeleri ýaňlandy.
Telewideniýe ýaýlymlarynyň operatorlary konserti teletomaşaçylara görkezmek üçin aktýorlaryň çykyşlaryny ýazga geçirdiler.