Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.
Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzdaky tokaý zolaklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine, onuň tebigatynyň biologik köpdürlüliginiň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty geljek nesiller üçin durnukly, arassa tebigy gurşawy döretmegi maksat edinýär. Tebigaty goramak bilen baglanyşykly işlere halkymyzyň giňden çekilmegi bu syýasatyň wajyp ugrudyr. Ählihalk bag ekmek çäresi şeýle asylly maksatlary ilerletmäge hem-de jemgyýetimizde ekologik medeniýeti kemala getirmäge ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler halkymyzyň abadan durmuşynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda ata Watanymyzda arassa ekologik gurşawy döretmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.
...Şu günki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem halk köpçüligi bar.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, bag nahalyny ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere barýar. Ýaş nesliň wekili belent ruha beslenen goşgy setirleri bilen döwlet Baştutanymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş edýär. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen bu giň gerimli çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy hem-de halkymyzyň milli däpleriniň dowamata atarylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Köpçülikleýin bag ekmek çäresi ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen birlikde, tebigatymyzy baýlaşdyrmakda-da möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň bu asylly işe jebislikde gatnaşmagy watansöýüjiligiň hem-de ýurdumyzyň özboluşly tebigy gözelligine hormat goýmagyň, ata-babalarymyzyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak ýörelgeleriniň häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Ýurdumyzda ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, tokaý zolaklarynyň eýeleýän meýdanlaryny yzygiderli giňeltmek üçin uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ählumumy derejede howanyň üýtgeýän şertlerinde bu Maksatnamanyň amala aşyrylmagy durnukly ösüşi üpjün etmekde, daşky gurşawy goramakda möhüm ädimdir. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň tokaýlaryny ylmy taýdan öwrenmek we ýagdaýyna gözegçilik etmek işleri göz öňünde tutulandyr. Bu bolsa ekologik abadançylygy üpjün etmegiň, ýerli tebigy mirasy gorap saklamagyň netijeli guraly bolup durýar.
Şäherlerde we obalarda köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy ýaşamak üçin amatly ekologik gurşawy döredýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň meýdanlarynyň çäkleriniň barha giňeldilmegi bu asylly işe möhüm ähmiýet berilýändiginiň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak ugrunda innowasion çemeleşmeleriň aýdyň mysaly hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäherini görkezmek bolar.
Mälim bolşy ýaly, sebitde deňi-taýy bolmadyk bu şäher ýaşamak, zähmet çekmek üçin döwrebap amatlyklary özünde jemläp, ekologik ölçeglere doly laýyk gelýär. Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Ylmyň, tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe tebigaty gorap saklamak, onuň bilen sazlaşykly ýaşamak möhüm wezipe bolup durýar. Türkmenistanyň bu ugurdaky öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar. Türkmenistan ekologiýa meselesinde halkara dialoga işjeň gatnaşmak bilen, BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, beýleki iri guramalar bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär hem-de adamzadyň geljegi bilen bagly meseleleri çözmek işini işjeňleşdirmäge goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etmegi ýurdumyzyň häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Şunuň bilen birlikde, Diýarymyzda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça işleriň çäklerinde ekoinnowasiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak, ekologik taýdan arassa ulaglara geçmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artmagy ekologik abadançylygy üpjün etmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan zawod-fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologik talaplara laýyk gelmegini gazanmak babatda anyk işler ýerine ýetirilýär. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçmek işi tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, energiýa tygşytlylygyny, onuň netijeliligini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş maksatly ulanylýan önümleriň galyndylaryny dolandyrmak, ekoulgamlary gorap saklamak ýaly ugurlar boýunça amala aşyrylýar.
...Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary bilen gürrüňdeş boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz bag nahallarynyň yzygiderli ekilmeginiň ekologik abadançylygy üpjün etmegiň netijeli usullarynyň biri bolup, jemgyýet üçin ägirt uly peýda getirýän asylly işdigini belledi we bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde arassaçylyk işlerini geçirmek babatda ýerine ýetirilýän çäreler, paýtagtymyzdaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ekologik standartlaryň berjaý edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Bu gezekki dabara gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti ildeşlerimiziň Watanymyzyň üstünliklerine buýsanmak bilen bir hatarda, onuň tebigatyna aýawly çemeleşýändiklerini hem aýdyň görkezdi. Şu gün Diýarymyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri-de geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny, baglaryň ösüşini üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir.
Çäräniň çäklerinde ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň gatnaşmagynda “Dünýäniň aşhanalary” atly halkara aşpezlik bäsleşigi geçirildi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz dürli ýurtlaryň halklarynyň aşhanasynyň birnäçe tagamlaryny taýýarlamagyň usullary we aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Bäsleşige gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy milli aşhanalar üçin däp bolan tagamlaryň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Aşpezlik sungaty her bir halkyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup, onda milletiň ýaşaýyş-durmuşy hem-de aýratynlyklary öz beýanyny tapýar. Bäsleşigiň çäklerinde türkmen aşhanasynyň dürli tagamlary hem tanyşdyryldy.
Bu bäsleşik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan medeni-ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
“Dünýäniň aşhanalary” atly aşpezlik bäsleşigine gatnaşyjylara güwänamalar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 632 müň 498 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 260 müň 836 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.
Şeýlelikde, şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasy ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ekologiýa meselelerini çözmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň nobatdaky beýany boldy.