Häzirki wagtda energiýa, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda uly mümkinçilige eýe bolan Türkmenistan birnäçe iri halkara we sebit taslamalary yzygiderli öňe sürýär.
Geljekde olaryň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny döwrebap derejä çykarmaga, köptaraplaýyn sebitara gatnaşyklara güýçli itergi bermäge we täze geo-ykdysady giňişligiň binagärligine esas döretmäge mümkinçilik berer. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyksöýüji, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan düýbi tutulan daşary syýasat ugruny hemişe mynasyp dowam etdirýär.
Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan we giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň uzakdan görüji, täzeçillik syýasaty döwletimiziň dünýä derejesinde barha artýan abraýyna şert döretdi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm ugurlary bolan energiýa we ulag-kommunikasiýa pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýar.
Giň we ygtybarly halkara energiýa we ulag-kommunikasiýa düzümleriniň döredilmegi durnukly ösüşiň aýrylmaz şertleriniň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatdaky eden çykyşynda häzirki ykdysadyýetiň iň möhüm meselelerine ünsi jemlemegi tötänden däldir.
Bu ugurdaky, şol sanda BMG we beýleki abraýly halkara guramalarynyň formatynda umumy tagallalary, jemlemekde işjeň orun eýeleýän Bitarap Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we dünýä derejesinde bilelikdäki ulag düzümleriniň emele gelmegini öňe sürýär, iri infrastruktura taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.
Iň möhüm ulag geçelgeleriniň kemala gelmegi diňe bir sebit ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin däl, eýsem, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek maksatlaryna ýetmek üçin hem möhümdir. Bularyň hemmesi Ýewraziýa ýurtlarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine täsir eder.
Döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bir böleginiň ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlykdygyny ýatdan çykarmaly däl. Häzirki wagtda sebit ýurtlary biri-biriniň taryhyna we medeniýetine uly gyzyklanma bildirýärler. Energetika we beýleki ykdysady taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi medeni-ynsanperwer ugurda, şol sanda ylmy we bilim merkezleriniň, sebit ýurtlarynyň medeniýet işgärleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli ösmegine goşant goşjakdygyna şek-şübhe ýok.
Türkmen halky köp asyrlyk taryhyna aýawly garaýan we ata-babalarynyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy mirasyny saklap galmaga we köpeltmäge, ajaýyp milli däp-dessurlaryň täzeden dikeldilmegine aýratyn üns berýän baý, gadymy medeniýetli halkdyr.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet sanawynda 1400-den gowrak taryhy we medeni desgalar bar, olaryň köpüsi arheologiki ýadygärliklerdir. Türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýädäki ilkinji ekarançylyk ýadygärlikleri bar.
Döwlet taryhy we medeni goraghanalary diýlip yglan edilen Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd we Gökdepe galasy açyk asman astyndaky özboluşly ýadygärliklerdir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň täsin ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna ählumumy baýlygy hökmünde girizildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz halkara maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar» – diýdi.
Şu nukdaýnazardan, şu ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ykdysady, medeni we ylmy hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir.