«Biziň Aziýadaky umumy maksatlarymyz diňe bir anyk taslamalary amala aşyrmak bilen çäklenmeýär. Ol maksatlar has giň gerimlidir» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatda eden çykyşynda aýtdy.
Dünýäniň bu böleginde durnukly parahatçylyk we howpsuzlyk binýadyny döretmek, giň hyzmatdaşlyk üçin ynanyşmak hem-de amatly ýagdaýy emele getirmek zerurdyr.
Gahryman Arkadagymyz munuň üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmalydygyny, dünýä derejeli energetika, ulag we kommunikasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegi uly merkezleriniň birini döretmelidigini, Türkmenistanyň şu maksatlary amala aşyrmaga iri halkara işewürleriň gatnaşmagyna bil baglaýandygyny nygtady.