Ï Türkmenistan adalatly geoykdysadyýet ugrunda çykyş edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan adalatly geoykdysadyýet ugrunda çykyş edýär

view-icon 1103
Türkmenistan adalatly geoykdysadyýet ugrunda çykyş edýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda geçirilen halkara maslahatda eden çykyşynda: «Energiýa çeşmelerini, ulag geçelgelerini, bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýär» – diýip nygtady. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzalan sebitlerde häzir durmuşa geçirilýän energetika, ulag hem-de üpjünçilik taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetine foruma gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, olaryň täze energetika, ulag, senagat, tehnologik geçelgeleri döretmek arkaly Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerini birleşdirmäge gönükdirilendigini belledi.

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi muňa mysaldyr, onuň maksady häzirki döwürde jemi 1 milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekdir.