Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine girýän edaralary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Sinhua» habarlar agentliginiň Merkezi Aziýadaky wekiliýetiniň işgärleriniň arasynda bolan duşuşykda şu ugur boýunça türkmen-hytaý iş birliginiň geljegi we netijeli hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň öňe gidiş we ösüş häsiýete eýe bolandygy bellendi. «Sinhua» habarlar agentliginiň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň müdiri jenap Çžao Ýuý häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sosial-ykdysady we medeni taýdan ýokary depginde ösüş görkezmek bilen, ösüşli özgertmeler ýolunda ynamly hereket edýän Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has ýokary geljeginiň boljakdygyny belläp geçdi.
Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklary we halkara syýasat meselelerini beýan etmekde habar beriş serişdeleriniň üstüne möhüm wezipe düşýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, HHR-iň öňdebaryjy maglumat gullugy ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi. Has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçilikleri barada pikir alşylanda, duşuşyga gatnaşýanlar özara saparlary, ýaş žurnalistler üçin maslahatlary guramagyň, şeýle hem iki dostlukly ýurduň metbugat wekilleriniň bu ýurtlarda halkara we sebit derejesinde geçirilýän çärelere gatnaşmagyň möhümdigini nygtadylar.