Türkmenistandan baran wekiliýet Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň gümrük gullugynyň işgärleri bilen bir hatarda gümrük barlagynda tehniki enjamlaryň netijeli ulanylmagy boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy. Bu çäre 8 – 10-njy aprel aralygynda Astanada geçdi.
Maslahat Merkezi Aziýada serhet dolandyryşyna kömek etmek maksatnamasynyň «Serhetlerden geçýän kanuny söwda akymlaryny ýeňilleşdirmek» atly III bölüminiň çäginde ýola goýuldy. Maslahatyň maksady dolandyryş mümkinçiliklerini güýçlendirmäge ýardam etmek we enjam üpjünçiligini meýilleşdirmek üçin jogapkär işgärleriň ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmakdyr.
Latwiýaly bilermenler maslahata gatnaşýanlara enjamlaryň ulanylyşyny, Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň satyn alma pudagyndaky öňdebaryjy tejribesini we tehniki tabşyryklary taýýarlamak işini görkezdiler. Tehniki talaplary modellemek boýunça amaly okuw hem geçirildi, şeýle hem ulanyjylary okatmak meselesine çemeleşmeler we enjamy bökdençsiz iş ýagdaýynda saklamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gümrük barlagynyň netijeli we çalt çäreleri söwda ýardam etmegiň möhüm elementleridir. Häzirki zaman tehnologiýalary we olary dogry ulanmak bolsa işleriň durnuklylygyny üpjün edýär.
Bu üç günlük sebitleýin maslahat sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, tejribe alyşmaga we gümrük pudagynda häzirki zaman çözgütlerini durmuşa ornaşdyrmaga goşant goşdy.