2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Buharest ş.) A.Annaýewiň Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Geňeşçisi Newen Pelikariç bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň başynda Ilçi 2025-nji ýylyň Türkmenistan üçin örän ähmiýetlidigini belledi, çünki döwletimiz özüniň Bitaraplyk derejesiniň 30-ýyllygyny belleýär. Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Soňra A.Annaýew Newen Pelikariçe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçiň adyna çakylyk haty gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösüşi hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.