Ï Jogapkärli möwsüm üstünlikli tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jogapkärli möwsüm üstünlikli tamamlandy

view-icon 1254
Jogapkärli möwsüm üstünlikli tamamlandy

Lebap welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen çekilýän tutanýerli zähmet özüniň oňyn netijelerini berýär.

Ýylyň ýylyna bolşy ýaly, ýurdumyzyň gündogar sebitiniň maldarlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem owlak-guzy möwsümini üstünlikli geçirip, 43 müň 406 ene goýundan göz öňünde tutulan 39 müň 617 owlak-guza derek, 39 müň 736 sany owlak-guzy almaklygy başardylar hem-de bu baradaky meýilnamany artygy bilen amal etdiler. Şu möwsümde alnan owlak-guzularyň ählisiniň ösdürime goýberilmegi, olaryň sagdyn kemala gelmekleri üçin hünärmenler, weterinar lukmanlar we çopanlar tarapyndan edilýän yzygiderli aladalar mallaryň baş sanynyň ep-esli artmagyna getirer.

Welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň bäşisinde hem gyş möwsümine taýýarlykly gelinmegi, mallar üçin ýeterlik mukdarda ätiýaçlyk ot-iým gorunyň döredilmegi netijesinde, dowarlaryň dok we ýyly gyşladylmagy aýratyn bellärliklidir. Şonuň bilen birlikde şu ýyl howanyň ýagynly gelmegi hem-de ir maýlamagy öri meýdanlarynda otuň ir ýetişmegini üpjün etdi. Bu bolsa maldarlaryň aladalary bilen utgaşyp, ösdürime goýberilen owlak-guzularyň sagdyn kemala gelmeklerine ýardam edýär.

Maldarlaryň gazanan üstünliginde döwlet meýilnamasyny ilkinjiler bolup berjaý eden Saýat etrabynyň «Jeýhun», Hojambaz etrabynyň «Tallymerjen», Çärjew etrabynyň «Serdar» maldarçylyk hojalyklarynyň aýratyn goşantlarynyň bardygyny buýsanç bilen aýtmak bolar. Ýokary netijäniň gazanylmagynda Halaç etrabynyň «Garagum», şeýle hem Köýtendag etrabynyň «Köýtendag» maldarçylyk hojalyklarynyň saldamly goşantlarynyň bardygy hem bellärliklidir.

Welaýatyň maldarlarynyň gazanýan zähmet üstünlikleri maldarçylyk hojalyklarynyň hünärmenleri tarapyndan işleriň guramaçylykly ýola goýulmagynyň, şeýle hem çopanlaryň tutanýerli zähmetiniň guwandyryjy netijeleridir.