Ï Türkmenistan gaz pudagynyň kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan gaz pudagynyň kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär

view-icon 1393
Türkmenistan gaz pudagynyň kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-nji aprelde Ýaponiýa saparynyň çäginde ýokary derejede üstünlikli gepleşikler we duşuşyklar geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň gün tertibindäki meseleleriň biri-de dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk boldy.

Netijede, saldamly resminamalar bukjasyna gol çekildi, olaryň arasyndan «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşygy bellemelidiris.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda döwrebap tehnologiýalar we ylmyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan iri önümçilik toplumlary gurulýar. Tebigy gazdan sintetik ýangyç öndürmek boýunça dünýäde ilkinji iri taslama hut biziň ýurdumyzda durmuşa geçirildi. Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda Ýewro-5 ülňüsine laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa ECO-93 kysymly benzin öndürilýär.

Ikinji zawodyň gurulmagy bolsa ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiligini has-da artdyrar, pudagyň mümkinçilikleriniň ösüşini üpjün eder, ýurdumyzyň bütindünýä energetika döwleti hökmünde ornuny berkider we, iň esasysy, Döwlet býujetine goşmaça maliýe girdejisini getirer.

Häzirki wagtda Türkmenistanda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, dünýä ykdysadyýetinde bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň ylmy taýdan öndürilmegine gönükdirilen meseleler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işe dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesini we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň gazananlaryny çekmäge, halkara ykdysady gatnaşyklary işjeň giňeltmäge uly ähmiýet berilýär.