Ï Howanyň üýtgemei bilen baglanşykly hereketleriň maliýe meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Howanyň üýtgemegi bilen baglanşykly hereketleriň maliýeşdirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1221
Howanyň üýtgemegi bilen baglanşykly hereketleriň maliýeşdirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy

17-nji aprelde paýtagtymyzda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda howa subsidiýalary boýunça pudagara geňeşmeler geçirildi.

Milli kanunçylygyň we ileri tutulýan ugurlaryň berjaý edilmegini üpjün etmek bilen oba hojalygynyň innowasiýalaryny we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary oba hojalygynyň işini howanyň üýtgemeginiň netijelerine uýgunlaşdyrmakda durmuşa geçirmegiň gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hereketleriň maksady ýerli oba hojalygy önümçiligini durnukly ösüş ýagdaýynda saklamakdyr. Duşuşygy «Howa şertlerine maliýe mümkinçiligini güýçlendirmek we strategiki çarçuwalar arkaly Türkmenistanyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak» atly hyzmatdaşlyk meýdançasyny taýýarlamaga ýardam etmek we Ýaşyl howa gaznasy bilen hyzmatdaşlyga taýýarlyk taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) tarapyndan gurnaldy.

Taslama şu ýyl başlandy, ol ýurdumyzyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly oba hojalygynyň, tokaý hojalygynyň we ýerden peýdalanylyşynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolanda howanyň üýtgemegi sebäpli maliýeleşdirilmegini talap etmäge, ony almaga, paýlamaga gönükdirilendir.

Taslama ýeriň şorlaşmagy ýaly dürli howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin Türkmenistanyň uýgunlaşma tagallalaryny goldaýar, suw tygşytlamak tejribesini ilerletmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Duşuşykda çykyş edenler ykdysadyýeti howanyň ýagdaýynyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak ugrundaky halkara guramalaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň alyp barýan işlerine syn berdiler.

Toparlardaky işleriň dowamynda howanyň üýtemegine durnukly tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary, olaryň maliýe goldawyna talaplary, soňky ýyllarda Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy artdyrýan Ýaşyl howa gaznasy ýaly çeşmeleriň işleýiş ýörelgeleri, olary howa çäreleri ýaly innowasiýalary döwlet oba hojalygy syýasatyna goşmagyň ýollary we identifikasiýalryň guralalry kesgitlenildi. Şunda olar üçin bölünip berlen pullaryň hasabaty howany maliýeleşdirmegi hökmünde toparlara bölünýär. Çäreler, sarp edilen serişdeler we alnan netijeler – parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak ýa-da klimata durnukly önümçiligi döretmek, öz gezeginde, howa hasabatynda, ýurduň klimat ýolunda gazanan üstünliklerinde – ählumumy şertnamalaryň sekretarýatlaryna iberilýän milli hasabatlarda we habarlarda görkeziler. 

Ykdysadyýetiň howanyň üýgtemegine gabat gelýän şeýle ugra ugrukdyrylmagy ýörelgesi şoňa laýyklykda kärhanalaryň ekologýa meýilnamalary ýaly döwlet syýasatynda, ösüş strategiýalarynda - buhgalter hasabatynyň milli hasaplarynda beýan edildi. Howa üçin pul harçlamak girdejili bolýar, sebäbi çykdajylar ekologiýa taýdan arassa önümlere bolan talabyň hasabyna özüni ödeýär. 

Duşuşykda şeýle hem döwlet edaralary, ösüş boýunça guramalar, hususy maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Uýgunlaşmagyň taraplaryň köp böleklerinden, şetrlerden we taraplaryň bähbitlerinden emele gelýän çylşyrymly, uzyn möhletleýin işdigi bellenildi, bu işde maliýeleşdirmek — ykdysadyýeti tebiggatyň we howa şertleriniň üýtgemegine uýgunlaşdyrmagyň umumy işiň bir bölegi bolup durýar.