Ï Energetika, maýa goýum we tehnologiýa hyzmatdaşlygynda täze gözýetimler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Energetika, maýa goýum we tehnologiýa hyzmatdaşlygynda täze gözýetimler

view-icon 499
Energetika, maýa goýum we tehnologiýa hyzmatdaşlygynda täze gözýetimler

Türkmenistan ykdysady diplomatiýanyň täze derejesine çykýar. 23-24-nji aprelde Kuala-Lumpuryň (Malaýziýa) iň döwrebap Maslahatlar merkezinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF-2025) energetika, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy pudagynda ýylyň esasy wakasy bolar.

Şeýle bolsa-da, halkara forumlara mahsus esasy prosesler resmi taýdan açylmazdan ozal bolýar. TEIF-2025 forumyndan öňki mejlisler diňe bir söhbetdeşlikleriň ugruny kesgitlemän, eýsem möhüm meseleleri çalt çözmek üçin tehnologiýa, bilim we energetika goşulyşmasynyň amaly görkezijisi bolup hyzmat edýär.

Algoritmler guýulary burawlaýarlar: emeli intellekt arkaly nebitiň we gazyň transformasiýasy

Nebitçi-inženerler jemgyýeti (SPE) Kuala-Lumpur bölümi bilen bilelikde guralan forumdan öňki birinji mejlis oňa tehniki taýdan baý we strategiki äheň berer. Oňa «PETRONAS», «Ad Terra Asia» we «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gaz Ylmy-barlag instituty ýaly guramalaryň wekilleri gatnaşar.

«Ad Terra Asianyň» dolandyryjy direktory Ikram Rahimiň belleýşi ýaly, uglewodorodlary gazyp almagyň geljegi indi isgenelerde we nasoslarda däl-de, koddadyr.

Ara alyp maslahatlaşmalarda esasan nebit-gaz pudagynda emeli intellekt: buraw işleriniň awtomatizasiýasyndan we gatlaklara gözegçilik etmekden başlap, tä logistika we zyňyndylary dolandyrmakdaky çaklama analitikasyna çenli meselelere garalar .

Uly tebigy gaz gorlaryna baý Türkmenistan üçin emeli intellektiň ulanylmagy diňe bir sanly transformasiýany däl, eýsem önümçiligiň netijeliligini, howpsuzlygyny we ekologiýa taýdan arassalygyny ýokarlandyrmak üçin strategiki ugry aňladýar. Bu tema pudagyň dekarbonizasiýasyna we sanlylaşdyrylmagyna bagyşlanan forumyň esasy mejlisiniň gün tertibine geçer.

Medeniýetara köprüler: bilim, syýahatçylyk we işewür gurşaw — durnukly ösüşiň ugry 

Forumdan öňki ikinji mejlis Türkmenistanyň we Malaýziýanyň akademiki toparlarynyň, ministrlikleriniň we kärhanalarynyň wekillerini birleşdirer. Ara alyp maslahatlaşmaga Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory we Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekili gatnaşar.

Oňa gatnaşyjylar bilim alyş-çalşygy, akademiki we ylmy maksatnamalary ösdürmek, şeýle hem durnukly syýahatçylyk hem-de ynsanperwer hem-de sanly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Täze energetika üçin hünärmenleri taýýarlamaga we halkara tejribe işlerine, emeli intellekt, durnukly ösüş, ekosyýahatçylyk we kiberhowpsuzlyk ugurlarynda bilelikdäki startaplary ýola goýmaga aýratyn üns berler.

TEIF 2025: Maýa goýumlary we «akylly» energetika geçmek üçin ählumumy meýdança

TEIF 2025-iň esasy maksatnamasy iki günüň dowamynda geçiriler we Merkezi hem Günorta-Gündogar Aziýadan, Ýewropadan, Ýakyn Gündogardan, şeýle hem halkara guramalaryndan işewür we syýasy toparlaryň öňdebaryjy wekillerini birleşdirer.

Forumyň esasy temalary:

Tebigy gazy goşmaça baha öwürmek:

- Gaz himiýasyny çuňňur gaýtadan işlemek we ösdürmek.

- Wodorod tehnologiýalary we ekologiýa taýdan arassa ýangyç.

- Taýýarlyk derejesi ýokary bolan önümleri eksport etmek.

Energetikanyň sanly özgerişi:

- Blokçeýn tehnologiýalaryny logistikada ulanmak.

- Emeli intellektiň esasynda senagat çözgütleri.

Düzümleýin megataslamaralry durmuşa geçirmek:

- Deňiz portlaryny we terminallaryny döwrebaplaşdyrmak.

- «Ýenaşyl» logistika geçelgelerini ösdürmek.

- Hemra telekommunikasiýalaryny energetikada we ulagda ulanmak.

Aziýanyň elektrik goşulyşmasy we maýa goýumlary.

TOPH taslamasy we sebit ulag-energetika merkezlerini döretmek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek.

IT, ulag, telekommunikasiýa we şäherleriň durnukly ösüşi pudaklaryna maýa goýum strategiýalary.

Ýumşak güýç we gaty energiýa: Türkmenistan dialogyň we ösüşiň merkezi hökmünde

TEIF 2025 halkara diplomatiýasy üçin aýratyn möhüm döwürde - BMG tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçýär. Bu hem foruma syýasy we simwoliki ähmiýet berýär.

Dünýäniň ählumumy wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýan häzirki wagtynda Türkmenistan sebitleriň, siwilizasiýalaryň we bähbitleriň arasynda köpri bolup hyzmat edýär. Onuň energiýa gorlary diňe bir ykdysady baýlyk bolman, eýsem oňyn gatnaşyklaryň, ynamy berkitmegiň we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem guralydyr.

TEIF 2025 — bu diňe bir maýa goýum forumy däl, eýsem gepleşikler, hyzmatdaşlyk we durnukly gelejek üçin hem meýdançadyr.