Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň daýhanlary ýaz ekerançylyk işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Amala aşyrylýan işleriň ýokary derejede guralmagy netijesinde, bu ýerde sogan we ýeralma ekişi wagtynda tamamlandy. Takmynan iki müň gektara ýeralma, 490 gektar ýere bolsa sogan ekildi. Mundan başga-da, 50 gektar ýerde kelem ekişi üstünlikli geçirildi.
Bu ekinler sebitdäki iň uly öndürijilerden biri bolan welaýatyň Boldumsaz etrabynda-da iň amatly möhletde ekildi.
Welaýatyň beýleki etraplarynda-da ýeralma, sogan we kelem ekmek işleri üstünlikli tamamlandy. Ýaz işleriniň dowamynda Daşoguz welaýatynda 8800 gektar ýere ýeralma, 2200 gektar ýere sogan, 385 gektar ýere kelem ekildi. Güýz aýlarynda sebitde soganyň hem ekiljekdigini bellemelidiris.
Häzirki wagtda welaýatyň daýhanlary beýleki gök we bakja önümleriniň ekişini ýokary depginde alyp barýarlar.
Tutuş ýurtda bolşy ýaly, Türkmenistanyň demirgazygynda-da sarp ediş bazaryny arly ýylyň dowamynda ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek üçin yzygiderli çäreler görülýär. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýer we suw baýlyklaryndan has netijeli peýdalanmaga, agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýokary derejede geçirmäge we ýerli howa şertlerine laýyk gelýän oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini, şeýle hem olary işleýän ylmy esasly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga çalyşýarlar. Bu bolsa her ýyl bol hasyl alyp, azyk bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berýär.