Ï Türkmenistan gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär

view-icon 936
Türkmenistan gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar ulag we gümrük dolandyryşy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we üstaşyr ýollary ösdürmek boýunça döwrebap çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu babatda Igor Runow Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň üstünde iş alyp barýan derwaýys taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan  hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge we teklip edilýän başlangyçlary öwrenmäge gyzyklanma bildirildi.