Ï Aşgabatda «Tebigat ýyl ýazgylary» boýunça hasabatlary diňlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Tebigat ýyl ýazgylary» boýunça hasabatlary diňlenildi

view-icon 2698
Aşgabatda «Tebigat ýyl ýazgylary» boýunça hasabatlary diňlenildi
camera-icon
Gülnabat Jumamyradowa

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynda 2024-nji ýylda tebigaty goramak boýunça amala aşyrylan çäreleriň netijeleri boýunça Alymlar geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet tebigy goraghanalaryň ylmy bölümleriniň ýolbaşçylary özleriniň tebigaty öwrenmek we goramak boýunça ylmy, amaly hem agtaryş işleri bilen tanyşdyrdylar. Bu ýyllyk duşuşyklar tebigaty goramagyň iş meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy, pikir we tejribe alyşmagy öz içine alýar. «Tebigat ýyl ýazgylary» diýlip atlandyrylýan maglumat ýygyndysy gulluk ýagdaýynda peýdalanmak üçin sanlyja nusgada çap edilýär. Ol seýrek ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýagdaýynyň, seýrek tebigy we howa hadysalarynyň beýanyny, hasabat ýylynda goraghanalar üçin täze görnüşleriň tapylandygy bardaky maglumaty, ylmy saparlaryň netijelerini, biotehniki, abadanlaşdyryş we ýangyna garşy çäreleri, şitilhanalarda alnyp barylýan işleri, hasabatlary, tebigy hadysalara baha bermekligi öz içine alýar.

Ýyl ýazgysy ekologiýanyň häzirki ýagdaýyny görkezýär, meýilnamalaşdyryş üçin esas bolup hyzmat edýär we döwletiň tebigy mirasy gorap saklamak ugrundaky işleriniň hakyky resminamasydyr.

Ol deňeşdiriş derňewi üçin Gyzyl kitaba girýän görnüşleriň birnäçesiniň geçmiş statistikasyny görkezýär.

Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy Şanyýaz Meňliýew burma şahly dag tekeleriniň sanynyň yzygiderli artýandygyny tassyklady. Çaryýar Tagyýewiň (Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy) hasabatynda ýek-tük gabat gelýän goňur aýynyň idedilişi barada maglumat berildi. Aknabat Potaýewa (Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy) göç möwsüminde gysga wagtlap Mäne-Çäçe döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde iýmitlenýän durnalara soňky gözegçilikler barada maglumat berdi. Ahmetjan Sadykow (Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy) ýurdumyzda tokaý sugunlarynyň iň köp ýaşaýan ýeri bolan haýwanat bagynda alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Nurmuhammet Hudaýgulyýew (Badhyz döwlet tebigy goraghanasy) çigildemleriň köpçülikleýin gülleýändigini, olaryň arasynda Guşgy we Leman görnüşleriniň agdyklyk edýändigini; alajagaplaň toparynyň kanagatlanarly ýagdaýy, olaryň iki, hatda üç babyr (uly sürüde takmynan 15 baş haýwan bolýar) bilen duş gelýändigi barada gürrüň berdi. Baýram Tirkişow (Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy) ýurdumyzyň demirgazygyndaky emeli suw howdanlar ulgamyna – zeýkeşler arkaly birleşdirilen Uzynşora, Zeňňi baba gülgüne gyzylinjikleriň gelýändigini, göç möwsümlerinde guşlaryň gizlin ýerlerde dynç alýandygy barada gürrüň berdi. Adam peýda bolan pursatynda arkaýyn ýerden göterilýärler we suwuň üstündäki howada gaýyp, beýleki kenara geçýärler. Surat alýan duzaklaryň gijeki işleri, gulanlaryň kiçeňräk toparynyň bardygyny-da görkezdi.