Ýurdumyzyň Balkan welaýatynda ykdysady taýdan bähbitli bolan maldarçylygy ösdürmeklige uly üns-ähmiýet berilýär. Munuň hakykatdanam şeýledigine Balkan welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler hem doly şaýatlyk edýär.
Günbatar sebitiň toprak-howa şertlerine baglylykda, möhüm möwsüm Diýarymyzyň beýleki welaýatlaryna garanyňda biraz giç başlanýar. Şeýle-de bolsa balkanly çarwadarlar bu jogapkärli möwsüme irki möhletlerde girişidiler. Möwsüme taýýarlygyň çäklerinde öri meýdanlaryň, ýataklardyr agyllaryň, guýularyň, çeşme-çaýlaryň ýagdaýy seljerildi. Şonuň ýaly-da çopanlara wagtlaýyn kömekçileriň berkidilmegi, hasabatdyr beýleki işleriň wagtynda takyk ýöredilmegi gowy netijeleri berdi. Welaýatyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden hem köşek almak möwsümini üstünlikli jemlediler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda balkanly maldarlar 7141 ene dowardan 6478 owlak-guzy almak baradaky meýilnamany abraý bilen berjaý etdiler. Günbatar sebitiň maldarçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklarynda düýelerden köşek almak boýunça meýilnama-da 100 göterim ýerine ýetirildi. Netijede hojalyklarda bakylýan 1739 düýeden jemi 782 köşek alyndy. Gazanylan şeýle üstünlikler döwletimiziň maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önümliligini ýokarlandyrmak ugrundaky aladalarynyň ýerine düşýändigine güwä geçýär.
Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda alynan ýaş mallaryň hemmesi össürime goýberildi. Şu günlerde hem hojalyklaryň degişli hünärmenleri öri meýdanlarynda, çopanlaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň ýagdaýy, medeni-durmuş şertleri bilen gyzyklanyp durýarlar. Bu bolsa möwsümleýin çäreleriň göwnejaý geçirilmegine, hil derejesiniň ýokary bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Garagum sährasynyň jümmüşinde, Balkan dagynyň eteklerinde ýaýylyp ýatan ýaýlalarda bakylýan mallaryň semizlik derejesi oňat. Möwsümiň dowamynda alynan sagdyn ýaş mallara hem zooweterinariýanyň talaplaryna laýyklykda pugta gözegçilik edilýär.