Ï Işler guramaçylykly ýola goýulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Işler guramaçylykly ýola goýulýar

view-icon 1997
Işler guramaçylykly ýola goýulýar

Balkan welaýatynyň pileçileri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bol we ýokary hilli pile hasylyny ýygnap, belent sepgitleri eýelemegi maksat edinýärler. Has takygy, olar şu ýyl 25 tonna pile taýýarlap, döwlete tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Hut şonuň üçin hem Balkan welaýatynyň tebigy şertlerine uýgunlaşan, önüm berijiligi bilen tapawutlanýan sagdyn gurçuk tohumynyň jemi 685 gaby ýüpekçi kärendeçileriň 252-sine öz wagtynda degişli şertnamalar esasynda paýlanyp berildi. 

Welaýatyň Magtymguly etrabyndaky pile kabul ediş we guradyş bölümçesi bilen şertnama baglaşan ýüpekçi kärendeçiler yhlasly zähmet çekip, özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etjekdiklerine pugta ynanýarlar. Günbatar sebit boýunça öndüriljek 25 tonna piläniň 18 tonnasy Magtymguly etrabynyň ýüpekçileriniň paýyna düşýär. Şonuň ýaly-da Gyzylarbat etrabynda 165 gap gurçuk tohumyndan 6 tonna, Bereket etrabynda hem 27 gap ýüpek gurçugyndan 1 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar. 

Ýerli hünärmenleriň aýtmagyna görä, welaýatdaky ýüpek gurçuk tohumlarynyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyndan getirilipdir. Olar ählitaraplaýyn ygtybarlylygy, önüm berijiligi, şol sanda kesele garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar.

Şu günlerde hem balkanly pileçiler ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg etmek işlerini gowşamaýan depginlerde dowam etdirýärler. Iýmitlendiriş otagynyň ýylylyk, çyglylyk, ýagtylyk derejesiniň hem-de howanyň çalşygynyň kadaly üpjün edilmegi oňyn netijeleri berýär. Munuň özi, welaýatyň ýüpekçilerine hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp zähmet üstünliklerine beslemäge giň mümkinçilik berer.