Aşgabatda açylan «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasynda «Standart Hyzmat» konsalting kompaniýasy öz mümkinçiliklerini hödürleýär.
Kompaniýa halkara ösüş ugrunda türkmen kärhanalaryna goldaw bermekde ýöriteleşendir, ol ählumumy derejede önümleriň we hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin giňişleýin çözgütleri hödürleýär.
Konsultant Galina Babagulyýewanyň belleýşi ýaly «Standart Hyzmat» häzirki zaman işewürlik dünýäsinde barha möhüm ähmiýete eýe bolýan daşky gurşawy goramak, zähmet saglygyny we howpsuzlygy üpjün etmek, azyk howpsuzlygy standartlaryny durmuşa geçirmek we işgärleriň netijeli dolandyrylyşy ýaly meselelere üns berýär.
– Häzirki wagtda örän möhüm bolan ekologiýa, durmuş we öndürijilik görkezijileri babatynda halkara ISO ölçeglerini ornaşdyrýarys. Çünki, häzirki wagtda bütin dünýä daşky gurşawy goramakdan we önümçiligiň daşky gurşawa edýän täsirini azaltmakdan ugur alýar.
«Standart Hyzmatyň» tejribesini we onuň türkmen bazarynyň aýratynlyklaryna çuňňur düşünýänligini nygtap, konsultant wajyp işewürlik meselelerini çözmek üçin kompaniýanyň hödürleýän täsirli gurallaryna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, menejmentiň häzirki zaman ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň «Standart Hyzmatyň» müşderilerine gowy netijelere ýetmäge mümkinçilik berýändigi bellendi.