Türkmenistanda ulanylyşa girizilen www.tradebridge.gov.tm «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamy Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçmeginiň esasy tapgyrlaryndan biridir.
Bu taslama Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (UNCTAD) ýaly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirildi.
Ulgam harytlary ýurt daşyna çykarmak, ýurt içine getirmek we üstaşyr geçirmek üçin rugsat berýän 24 ministrligi we pudaklaýyn müdirlikleri öz içine alýar. Ulgamda 9000-den gowrak ulanyjy hasaba alyndy. Ulanyjylara yzygiderli tehniki goldaw berilýär.
Bu ulgam 2024-nji ýylda işe girizilen pursadyndan başlap, özüniň netijeliligini subut etdi. 2024-nji ýylda «Eksport-import amallary ulgamy üçin Bir penjirede» işlenen ýüz tutmalaryň umumy sany takmynan 100 müňe ýetdi we eýýäm 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde bu ýerlik arkaly 58 müňe golaý ýüztutma tabşyryldy.
«Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamy daşary ykdysady işi çaltlaşdyrdy we ýönekeýleşdirdi. Mundan daşgary, Türkmenistan üstünden ýük geçirýän ýurt hökmünde-de ornuny berkidýär. Ýükleriň üstaşyr geçiş wagty azalýar, logistika ýollary bolsa has amatlaşýar.