Ï Stambul şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Stambul şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi

view-icon 1449
Stambul şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Medipol Uniwersitetiniň binasynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygynyň (Stambul ş.) we türkmen talyp ýaşlary bilen bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýörite baýramçylyk sergi-tanyşdyryş çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Çäräniň çäklerinde Medipol uniwersitetinde okaýan talyplaryň we akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen medeniýetine bagyşlanan dabaraly konsert guraldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň sergi meýdançasynda baýramçylyk sergi-çäresine gatnaşan birnäçe daşary ýurtly myhmanlara, talyp ýaşlara Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyndaky esasy üstünlikleri, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän möhüm başlangyçlary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilýän çäreler bilen giňişleýin tanyşdyryldy.