Ï Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 1637
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) halkara bilermenlerinden düzülen baha beriş missiýasynyň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitatyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek gepleşikleriň esasy mowzugy boldy.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BMG-Habitatyň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşendigi nygtaldy. Hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda milli şähergurluşyk syýasatynyň ösmegine, şol sanda şäher we oba ilatly ýerlerde kadalaşdyrmaga, meýilleşdirmäge, taslamalaşdyrmaga we daşky gurşawy goramaga itergi berýär.

Taraplar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň çäklerinde ýurduň borçnamalaryna kybapdaş gelýän we DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýän milli maksatnamalary kabul etmegiň we durmuşa geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny we ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga bolan meýillerini tassykladylar.