Ï Daşoguz welaýatynyň daýhanlary şaly ekişine başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary şaly ekişine başladylar

view-icon 1539
Daşoguz welaýatynyň daýhanlary şaly ekişine başladylar

Bu azyk ekiniň sebitdäki esasy öndürijileri Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň daýhanlarydyr. Olar şu ýyl S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4 müň 750 gektar, «27 Oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa 2 müň 800 gektar ýere şaly ekmegi meýilleşdirýärler. Merjen däneleri yzly-yzyna ikinji ýyl «Ykbal Açary» hojalyk jemgyýeti tarapyndan-da köp mukdarda ösdürilip ýetişdiriler.

Umuman alanyňda, welaýatyň şalyçylary bu azyk ekinini ekmek üçin, ekin meýdanlaryny yhlas bilen taýýarladylar. Ekiljek şalynyň tohumyny taýýarlamak işlerine, ýer meýilnamalaşdyryş işine köp üns berildi. Ekiş işleriniň ýokary hili bolsa häzirki zaman ýokary öndürijilikli enjamlaryň ulanylmagy bilen üpjün edilmelidir.

Öňküsi ýaly, şu ýyl hem tohumlyk üçin ýokary hasyllylygy, ajaýyp tagam häsiýetleri bilen tapawutlanýan şalynyň «Nöküs-2» we «Bereket» görnüşleriniň tohumy taýýarlanyldy.

Döredilen şertleriň saýasynda häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda gymmatly çig malyň üstünlikli öndürilmegi üçin ähli mümkinçilikleri bar. Bu ekini ösdürip ýetişdirmek we çuňňur gaýtadan işlemek üçin doly önümçilik mümkinçilikleri döredilen sebitinde ýylda 35 müň tonnadan gowrak tüwi öndürilýär. Şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde gurlan ýokary tehnologiýaly tüwi arassalaýjy zawody ösdürilip ýetişdirilen hasyly işläp, ýokary hilli taýýar önümleri ýitgisiz almaga mümkinçilik berýär.