Ï Gowaçalara ideg işleri guramaçylykly dowam etdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gowaçalara ideg işleri guramaçylykly dowam etdirilýär

view-icon 1255
Gowaçalara ideg işleri guramaçylykly dowam etdirilýär

Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýerde gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almaklygy meýilleşdirýärler. Welaýatda ekiş möwsümine taýýarlykly gelinmegi, bu jogapkärli möwsümiň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi gowaça ekilen ýerlerde kadaly gögerişiň gazanylmagyny üpjün etdi.

Häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda hatarara bejergi, otag we ýekelew etmek, gowaçalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri sazlaşykly dowam etdirilýär. Gowaçalary ýekelemek we otag işlerini geçirmekligiň köpçülikleýin häsiýetde alnyp barylmagy welaýat boýunça her günde 5 müň gektar töweregi ýerde otag-ýekelew işleriniň geçirmeklige şert döredýär. Häzirki döwre çenli bu möhüm çäräniň geçirilen meýdanynyň 50 müň gektardan aşmagy pagtaçy-kärendeçileriň tutanýerli zähmetiniň netijesidir.

Welaýatda tehnikalaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegi netijesinde gowaça ekilen meýdanlarda 1-nji we 2-nji hatarara bejergi işleri hem guramaçylykly dowam etdirilýär. Häzirki döwre çenli 90 müň gektara golaý ýerde 1-nji, 20 müň gektardan gowrak meýdanda hem 2-nji hatarara bejergi işleri geçirilipdir. Şeýle hem gowaçalary karbomid döküni bilen 1-nji gezek gapdaldan iýmitlendirmek işleri 15 müň gektara ýakyn ýerde amala aşyrylypdyr. Mehanizatorlardan ýokary ussatlygy talap edýän bu möhüm agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesinde geçirilýändigini belläp geçmek maksada laýykdyr.

Gowaça bejergisinde peýdalanylýan tehnikalaryň gurat we saz işledilmeginde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalaryna hem aýratyn paý degişlidir. Geljekki hasylyň ykbalyny kesgitleýän häzirki wagtda gowaçalara ideg etmek işleri Kerki, Halaç, Saýat, Çärjew hem-de Dänew etraplarynda has-da talabalaýyk alnyp barylýar. Welaýat boýunça gowaçalara ideg etmek çäreleri bilen birlikde olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagy bu möhüm ekiniň kadaly boý almagyny üpjün edýär.