Häzirki wagtda zawodlarda, fabriklerde we ýurdumyzyň dürli kärhanalarynda işleýän guramalaryny döretmäge gatnaşan halypa gojalary bilýänleri tapaýmak aňsat däl. Bu-da düşnükli. Wagt geçip dur. Bir nesiliň ornuna beýlekisi gelýär. Şeýle bolsa-da, uruş weteranlarynyň, urşuň ilkinji günlerinden fronta giden işgärleriň, soňra gaýdyp gelensoňam güýjüni-gaýratyny ýa-da saglygyny gaýgyrman, öz işlän sehlerini dikelden we ýeňşiň hatyrasyna önümçilik depginini çaltlaşdyrýan adamlary ýatda saklaýan iş toparlary bar.
Gazanjyk (häzirki Bereket) lokomotiw deposy öz uruş we zähmet weteranlaryny ýatdan çykarmaýan we ýatlap duran kärhanalaryň biridir. Aldym-berdimli söweşlere gatnaşan, soňra öňki işlän deposynda zarpçy zähmet çeken demirýol işgärleriniň biri-de Anna Araşewdi. Ony köp kişi, esasanam, deponyň weteranlary ýagşylykda ýatlaýarlar.
Ol 1937-nji ýylda, entek on alty ýaşyndaka, depo geldi we slesaryň kömekçisi bolup işe başlady. Ol agyr döwürdi. Esasanam uç-gyrakda, çölde ýaşaýanlar üçin kyndy. Çagalarynyň ykbalyny az-kem ýeňilleşdirmek islän Anna maşgalasyny Gazanjyga göçürip getirýär. Bu ýerde, häzir aýdylyşy ýaly, ýeke-täk «ulgam emele getirýän» kärhana lokomotiw deposydy. Şonuň üçinem başga bir işlemäge saýlara ýerem ýokdy.
Gujurly we alçak, ozal gatnaşygy dar bolan ýigit derrew iş toparyna goşuldy we töweregindäkileriň ynamyny gazandy. Biraz salymdan deponyň ýaşlar gurmasynyň agzalary ony özüne ýolbaşçy saýladylar. Işlän döwri bilesigeliji we zähmetsöýer Anna hünär taýdan ösdi we maşinistiň kömekçisi boldy. Hemme zat gowudy, Anna maşgalasyna we ýakynlaryna kömek edýärdi. Emma 1941-nji ýyl geldi. Tylda maşinistleriň juda gereklidigine garamazdan, Anna urşuň ilkinji günlerinden fronta gitdi. Başgaça bolubam bilmejekdi, sebäbi dostlarydyr ýoldaşlary yzly-yzyna Watan goragyna gidipdiler.
A.Araşewiň front ýoly edil zähmet terjimehalynyň başlanyşy ýaly kötel we agyr boldy. Esger ýoly diňe bir tapawutlandyryş nyşanlary, medallardyr ordenlerden ybarat däldi. Söweşlere gutarma ýokdy. Serkerdeleri oňa Döwlet goranmak komitetiniň karar çykarandygyny habar berdiler. Ýurt demirýol ulaglaryna mätäçdi, tylda ökde işçiler ýetmezçilik edýärdi. A.Araşew üçin garaşylmadyk ýagdaýda ol fronty zähmet ýoluna çalyşmaly boldy.
Öz kollektiwine gaýdyp gelen frontçy esger dessine kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçylygyna saýlanýar. Maşinistiň işini kärdeşler arkalaşygynyň işi bilen utgaşdyran Anna Araşew özüni başarjaň ýolbaşçy hökmünde tanatdy. Hormatly demirýol işgäri Sary Keljäýewiň Araşew hakda ýatlamalary «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edildi.
- Araşew başda tejribesiniň ýokdugyny, şonuň üçin Moskwadaky ýörite okuwa iberilendigini gürrüň berdi. Ol ýerde köp zat öwrendi we ýolbaşçylyk ukyplaryny has gowulandyrdy. Moskwada wagty uruş döwri demirýol işgärleriniň ýörite iýmit hukugynyň bardygyny bilýär. Gaýdyp gelenden depodaky işçilere hem iýmit berilmegini gazandy.
Durmuşyndan başga bir pursat hem Araşewiň ýolbaşçylyk ukybyny subut edýär. 1946-njy ýylda Gazanjykda bolan ýer titremesinde käbir adamlar basga düşdüler. Ýagdaý kyndy. Araşew garaşyp durmady-da, Aşgabada, ýokary wezipeli işgärleriň birine jaň etdi, ol ony diňledi, hoşallyk bildirdi we şol gün Gazanjyga geldi. Ol işçilere ýüzlenip, ýaşaýjylaryň ählisine we deponyň işgärlerine zerur kömek beriljekdigini aýtdy. Soňra depo ýolbaşçylaryny ýaýdanjaňlygy üçin tankytlap, halkyň ykbaly bilen gyzyklanýan Araşew ýaly adamlary ýolbaşçy wezipelere bellenmelidigini aýtdy.
Anna Araşew bütin ömrüni şol döwürde öz adyna aýdylan sözleriň dogrudygyny subut etdi. Uruşdan soňky kyn ýyllarda kärdeşler arkalaşygynyň işinde tejribe toplan Araşew deponyň işgärleri üçin IÜB-niň söwda nokatlarynyň açylmagyny gazandy, olar işçileri zerur zatlar bilen yzygiderli üpjün edýärdi.
50-nji ýyllarda Araşew Demirýol Kärdeşler arkalaşygynyň Mary bölüminiň başlygy, soňra bolsa Aşgabat demir ýolunyň syýasy bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlandy, 1960-njy ýyldan Araşew Mary oblast ýerine ýetiriji komitetiniň Söwda müdirliginiň başlygy bolup işleýär. Soňra Aragatnaşyk, awtomobil ulaglary we gara ýollar işgärleri kärdeşler arkalaşygynyň respublikan komitetiniň başlygy wezipesinde uzak wagtlap işledi.
60 ýyldan gowrak zähmet çeken döwründe ol iki «Hormat nyşany» ordeni, ençeme medal we hökümet Hormat hatlary bilen sylaglandy. Garaşsyzlyk ýyllarynda A.Araşew ýurduň Ýaşulular geňeşine delegat hökmünde birnäçe gezek saýlandy. Ol baý zähmet we jemgyýetçilik iş tejribesini ýaşlar bilen sahy paýlaşdy. Frontçy esgerleriň köpüsi ýaly, uruş hakda däl-de, asuda durmuş hakda gürrüň berenini gowy görýärdi. Belki, bu hakykatdanam dogrudyr, ýöne geçmiş hemişe ýatda saklanmalydyr.