Ï Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

view-icon 1456
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine hem garaldy.