Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ýüpekçileri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watan harmanyna 1010 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdiler.
Munuň özi tutuş ýurdumyz boýunça jemi tabşyrylýan piläniň tas ýarysyna golaýydyr. Gazanylan üstünlik welaýatda möwsüme ykjam taýýarlykly gelnip, işleriň guramaçylykly ýola goýlandygynyň, gurçuk idetmekde agrotehniki kadalaryň doly berjaý edilendiginiň, bu jogapkärli işe tejribeli pileçi-kärendeçileriň saýlanyp alnandygynyň, ýüpek gurçuklarynyň idediljek ýerleriniň öňünden doly taýýar edilendiginiň, şeýle hem «Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň yzygiderli aladalarynyň guwandyryjy netijeleridir.
Welaýat boýunça ýokary zähmet üstünliginiň gazanylmagynda sebitde ilkinjiler bolup döwlet meýilnamasyny artygy bilen amal eden Kerki, Halaç, Hojambaz, Dänew, Çärjew hem-de Köýtendag etraplarynyň ýüpekçileriniň uly paýynyň bardygyny bellemek bolar. Ýeri gelende döwlet meýilnamasynyň artygy bilen berjaý edilendigine garamazdan, häzirki Watan harmanyna pile tabşyrmaklygyň dowam edýändigini bellemek has-da buýsandyryjydyr.
Şu möwsümde welaýatda öz işine ussat, tejribeli ýüpekçileriň 21 müň 700-e golaýy bilen şertnama baglanyşylyp, 27 müň 656 guty ýüpek gurçugy pileçi-kärendeçilere paýlanyp berlipdir. Onuň agramly bölegi bolsa, Çärjew, Halaç hem-de Dänew etraplaryna degişlidir. Möwsümde şu güne çenli welaýatyň Çärjew etrabynyň ýüpekçileriniň 7 müň 148 gap gurçuk tohumyndan 186 tonnadan gowrak, Halaç etrabynyň pileçi-kärendeçileriniň 4 müň 6 gap gurçuk tohumyndan 147 tonnadan aşyryp, Dänew etrabynyň ýüpekçileriniň hem 3 müň 833 gap gurçuk tohumyndan 140 tonnadan artdyryp pile tabşyrmaklary aýratyn bellärliklidir. Şonuň bilen birlikde welaýatyň beýleki etraplarynyň ýüpekçileriniň hem her gap gurçuk tohumyndan alan pileleriniň ortaça mukdarynyň ýokary bolmaklygy, bu ugurda sebit boýunça işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.