Ï Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynda dabaraly çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynda dabaraly çäre geçirildi

view-icon 2089
Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynda dabaraly çäre geçirildi
camera-icon
Ýusup Turşekow

21-nji maýda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň mejlisler jaýynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bütin dünýäniň halkara parahatçylyk we ynanyşmak Watany!» atly dabaraly çäre geçirildi.

Ol Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan guraldy. Bankyň foýesinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň sergisi ýerleşdirildi.

Maslahatda parahatçylyk ýörediji ýurt bolan Bitarap Türkmenistan adamzadyň naýbaşy gymmatlygynyň mizemez ýollaryny gurup, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlygyň, agzybirligiň, sylag-hormatyň berkemegine we ösmegine mynasyp goşant goşýandygy, Türkmenistanyň dünýä döwletlerini ynanyşmaga, agzybirlige hem-de ynsanperwerlige çagyrýandygy barada buýsançly çykyşlar boldy.

Şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklary karzlaşdyrmagy kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda beýan edildi.