Ï Türkmenistan we Belarus DÖM-i durmuşa geçirmekde tejribe alyşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Belarus DÖM-i durmuşa geçirmekde tejribe alyşýar

view-icon 918
Türkmenistan we Belarus DÖM-i durmuşa geçirmekde tejribe alyşýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, şeýle hem Statistika boýunça döwlet komitetiniň wekillerinden ybarat wekiliýeti Belarus Respublikasynda saparda bolýar. Bu sapar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ýerlik, III tapgyr» taslamasynyň çäginde guraldy.

Saparyň çäginde wekiliýet Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda DÖM-e ýetmek boýunça milli binagärligiň emele gelşi we işleýşi, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli döwrüň gün tertibiniň ýerine ýetirilişi we ony durmuşa geçirmekde meýletin milli synlary taýýarlamakda tejribe alyşmak barada pikir alyşdylar.

Ykdysadyýet ministrliginiň we ylmy agtaryş ykdysadyýet institutynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyk wekiliýete Belarusyň durnukly ösüşiniň milli strategiýasyny, şeýle hem sebit we pudaklaýyn strategiýalary işläp düzmegiň we durmuşa geçirmegiň aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Strategik resminamalary, şeýle hem pudagara gatnaşyklary çaklamak, olara gözegçilik etmek we baha bermek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň dowamynda Belarus Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň wekilleri bilen DÖM görkezijileriniň çäginde milli statistikany ýöretmek we dolandyrmak boýunça duşuşyklar meýilleşdirilýär. Şeýle hem wekiliýet Tebigy baýlyklar we daşky gurşawy goramak ministrligine, Zähmet we sosial gorag ministrligine hem-de BMG-niň Belarusdaky Bütindünýä şertnamasy ulgamynyň edarasyna baryp görer we bu ýerde durnukly ösüş meýilnamasyny durmuşa geçirmekde döwlet bilen telekeçiligiň özara gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Saparyň netijeleri Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin meýilnamany durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyzmat eder.