Ï Türkmenistan bilen ÝHHG-niň AHDIE-siniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen ÝHHG-niň AHDIE-siniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2175
Türkmenistan bilen ÝHHG-niň AHDIE-siniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Warşawada (Polşa Respublikasy) Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça edarasynda (AHDIE/ÝHHG) duşuşyklar we gepleşikler geçirdi.

Türkmen wekiliýetiniň Türkmenistanda saýlawlar we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi komissiýasynyň, Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň we metbugat wekilleriniň düzüminde bu Ýewropa ýurdunyň paýtagtyna sapary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen amala aşyryldy.

Edaranyň müdiri Mariýa Telallýan, şeýle hem bölüm ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäginde Türkmenistan bilen DGAHE/ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin «Ýol kartasyny» düzmek barada ylalaşyk gazanyldy.