Ï Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi

view-icon 4280
Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi

Geçmişde Hazar deňziniň üstünden dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklar amala aşyrylypdyr we kenarýakada ýerleşýän halklaryň dost-doganlygyny berkidip, medeniýetiniň, sungatynyň ýakynlaşmagyna mümkinçilik döredilipdir. Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda şol taryhy eýýamlardan dowam edip gelýän parahatçylykly, özara bähbitli gatnaşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Hazar deňziniň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dostlugyň deňzi bolmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirýär. Biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat, söwda ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydyr.

Merkezi Aziýa sebitinde okgunly ösýän Türkmenistan bu gün halkara gatnaşyklarynyň hem täze arhitekturasyny kemala getirmäge mynasyp goşant goşýar. Dünýä syýasatynda indi diňe bir Merkezi Aziýa sebiti däl-de, eýsem, Hazarýaka sebiti hem möhüm syýasy, ykdysady we medeni giňişlik hökmünde ykrar edilýär.

Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi sebiti syýasy taýdan durnukly merkeze öwürmäge we sebitiň syýasy ähmiýetini has-da artdyrmaga ýardam berýär.

Häzirki wagtda Hazar deňzinde diňe bir kenarýaka ýurtlary üçin dälde, eýsem, dünýäniň beýleki döwletleri babatynda hem hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilikleriň toplumy döredilýär we hut şu nukdaýnazardan hem syýasy taýdan halklary birleşdirýän derwezä öwrülýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde döwletara gatnaşyklary sazlaşykly we durnukly ýola goýmak, durnukly durmuş-ykdysady we ynsanperwer ösüş üçin esasy şert hökmünde sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy, hyzmatdaşlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär.

Hazarýaka döwletleriniň ählisi Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berýärler. Türkmenistan ähli ykdysady we önümçilik işlerinde sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşaw meselesinde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ykrar edilen halkara ülňülere laýyk gelmelidigi bilen baglanyşykly garaýşa ygrarlydyr. Ýurdumyz Hazar deňzinde ekologiýa taýdan ýaramaz täsirleriniň öňüniň alynmagyna goňşy ýurtlaryň, hyzmatdaşlaryň hem-de abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ünsüni çekip, täzeçil çemeleşmeleri öňe sürýär.

«Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň üçünji babynda Döwlet tebigy goraghanalary barada bellenilip geçilýär. Döwlet tebigy goraghanalary haýwanat we ösümlik dünýäsiniň genetik gorlaryny, meňzeş we täsin ekologiýa hem-de geologiýa ulgamlaryny, landşaftlary aýap saklamak, öwrenmek, tebigy prosesleriň we hadysalaryň tebigatda geçişini üpjün etmek üçin şertleri döretmek, daşky gurşawy goramagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak maksady bilen döredilýän aýratyn goralýan tebigy ýerlerdir.

Kanunyň talaplaryna laýyklykda, bu ýerde 1932-nji ýylda döredilen Hazar (ornitologik) döwlet tebigy goraghanasy hereket edýär. Goraghananyň wezipesi Gündogar Hazar deňziniň birnäçe aýlaglarynyň suw ýakalarynyň, kenarýaka ýerleriniň ekologiýa toplumlaryny öwrenmek, dikeltmek we gorap saklamakdan ybaratdyr.

Türkmenistan Hazar deňzi boýunça duşuşyklaryň hem-de forumlaryň, şol sanda Ýörite iş toparynyň, Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisleriniň, halkara maslahatlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi.