Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Gurbannazar Ezizow» sahna oýnuny tabşyrmaga taýýarlady. Ol şahyryň poeziýasynyň köpsanly muşdaklary üçin şanly wakadyr.
Sahna oýnunyň edebi ýazgysyny ýazan Gurbannazar Ezizowyň maşgalasy bilen goňşulykda ýaşaýan Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler. Şahyryň uly gyzy - Ýazgül Ezizowa uzak wagtlap olary garyndaşydyr öýdüp ýördi.
Gurbannazar Ezizow juda bagtly adamdy. Onuň bar zady ýetikdi - zehinlidi, dostlary kändi, döwürdeşlerem onuň eserleriniň muşdagydy. Şahyryň täk arzuwy – ogul perzendidi. Ýöne arzyly perzendi ... kakasynyň kyrky güni dünýä indi.
Spektakly goýmaga başlamazdan ozal režissýor Mekan Jumabaýew Gurbannazar Ezizowyň goşgularyny gaýtadan okap, şahyr özüniň bu dünýeden ir gitmeli boljagyny duýupdyr diýen netijä geldi. M.Jumabaýew pýesanyň tutuş ýordumyny şundan ugur alyp gurdy. Ony şahyryň çagalyk döwründen, ýagny öýünde tabyt saklaýan molla atasy bilen kakasynyň arasyndaky uly dawadan başlady. Şahyryň kakasy ol öýe hökmany suratda betbagtlyk getirer diýýär, onsoň bir gün tabydy döwmegi ýüregine düwdi. Ýöne Gurbannazar dawa goşulyp, kakasyna tabydyň gerekli zatdygyny ýatlatdy.
Şahyr ömrüniň soňky pursatynda Ezraýyla duşanda çagalyk döwründen bu pursady ýada saldy. Ezraýyl perişde şahyra hormat hökmünde oňa bütin ömrüne syn etmäge ejaza berýär. «Gurbannazar Ezizow» sahna oýny — şahyryň ömri hakynda söhbet, onuň «Gijeki myhman» goşgusy onuň özeni edilip alnypdyr. Şol myhman - ajal perişdesidi, ol spektaklda Gündogarda göz öňüne getirilýän ak eşikli goja däl-de, ortatap edara işgärine meňzeş bir adam.
Şahyryň talyplyk durmuşyndan, goşuna çagyrylmagyndan, toýundan we gyzlary - Ýazgül, Arzygül, Sähragül we Ogulabat bilen söhbetlerinden pursatlar şekillendirilýär. Ýaş şahyry ölüm temasyna köp ýüzlenmekde kötekleýän uly ýaşly ýoldaşlarynyň çeperçilik geňeşindäki çykyşlary has täsirli çykypdyr. Gurbannazaryň goşgularyna muşdak dostlary çeperçilik geňeşlerinden soň ony gussaly pikirlerden daşlaşdyrmaga kömek edip, ony dürli ýol bilen goldajak bolýardylar. Olaryň arasynda ajaýyp kompozitor Nury Halmämmedow we aýdymçy Atageldi Garyagdyýew bardy.
Artist Baýramhan Gaýyrow Atageldi Garyagdyýewiň keşbinde Nury Halmämmedowyň Gurbannazar Ezizowyň goşgysyna döreden «Türkmen sährasy» meşhur aýdymy ýerine ýetirdi. Spektaklda gepleşik ýok, oňa derek şahyryň goşgulary we horuň ýerine ýetirýän aýdymlary bar.
- Režisýoryň soňky sahnadaky çözgüdi ýüregimi ezdi – diýip, Gurbannazar Ezizowyň uly gyzy Ýazgül sahna oýny barada gürrüň berende aýtdy - Kakamyň ruhy eýýäm asmana çykypdy, ýöne dünýä inen ogly Serdary bagryna basmak üçin ak eşikli kakam Zemine inipdir. Şol pursat «Hüwdi» aýdylýar, ol kakamyň ogly bolmagyna umyt baglap ýazan goşgusydy. Men ýüregimi elendiren duýgularymy saklap bilmedim, biygtyýar gözýaş ýaňagymy ezdi. Ýene bir zat aýtjak. Tutuş maşgalamyzyň adyndan şu ýyl sahnalaşdyrylan sahna oýny üçin hoşallygymyzy bildiresim gelýär. Şu ýylyň mart aýynda kakam 85 ýaşamalydy, sentýabrda bolsa onuň wepat bolanyna 50 ýyl doldy. Şu döwürde ýurdumyzyň durmuşynda düýpli özgerişler boldy, ýöne Gurbannazar Ezizowyň eserleri poeziýa muşdak ildeşlerimiz köňül küýsegiligine galýar.