Ï Türkmenbaşy jins toplumy 30 ýyl bäri bazarda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenbaşy jins toplumy 30 ýyl bäri bazarda

view-icon 1607
Türkmenbaşy jins toplumy 30 ýyl bäri bazarda

«Turkmentextile Expo – 2025» halkara sergi-ýarmarkasynda hödürlenen Türkmenbaşy jins toplumynyň önümleri kärhananyň ýurduň dokma senagatynyň öňdebaryjylaryndan biri hökmünde derejesini ýene bir gezek tassyklady. Sergä gelenler täze önümler bilen tanşyp, türkmen jinsileriniň ýokary hiline göz ýetirdiler.

Türkmen dokma önümleri, aýratyn hem jins önümlerine halkara bazarynda ýokary baha berilýär. Kompaniýa önümlerini ABŞ, Ispaniýa, Türkiýe, Russiýa, Çehiýa, Slowakiýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa we Polşa ýaly ýurtlara iberip, eksporty ösdürýär.

Jins toplumy meşhur dünýä belli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Halkara hyzmatdaşlarynyň arasynda «FunDay», «Colins», «LC Waikiki» we «Твое» kompaniýalary bar. Ozal «Levi's» we Tommy Hilfiger (çagalar eşikleri) bilen hyzmatdaşlyk edilýärdi. «Zolla», «Modis», «Zara», «Wrangler», «Lee», «Montana» we «Denigma» ýaly dünýä belli jins brendleriniň köpüsi ygtyýarnama esasynda ýerli fabriklerde öndürilipdi, bu bolsa Türkmenistandaky önümçiligiň hiline bolan ynamy görkezýär.

Ähli önümleriň tapawutly aýratynlygy onuň önümçiliginde 100% arassa pagta ulanylmagydyr. Sintetiki goşundylaryň ulanylmazlygy önümleriň ýokary hilini, berkligini we oňaýlylygyny kepillendirýär. 

1995-nji ýylda esaslandyrylan we 1996-njy ýylda işe girizilen Türkmenbaşy jins toplumy Türkmenistanda we daşary ýurtlardaky ornuny berkitmegi dowam etdirip, bazarda 30 ýyl bäri işjeň iş alyp baryşyny belleýär. 

Kärhana egirme, dokma, boýag we tikin fabriklerini, ammar we gaplaýyş sehini öz içine alýar. Bölümleriň ählisi Ýewropanyň belli öndürijileriniň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. 

Kärine ussat işgärler önümçiligiň üznüksizligini we yzygiderli kämilleşdirilmegini üpjün edýärler . 

Önümleriň hataryna zenan köýnekleri, sarafanlar, erkek, zenan we çaga jalbarlary, toplumlar, žiletkalar we torbalar girýär. Toplum her sergä täze önümleri taýýarlap, innowasiýa we häzirki moda ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

Türkmenbaşy jins toplumynyň önümleri ýerli sarp edijileriň arasynda uly islege eýedir. Olary «Altyn asyr» harytşynaslyk merkezinde, şeýle hem «Bedew» nyşany bilen ýurtdaky dokma dükanlarynda satyn alyp bolýar.