Ï Hazar deňzi: ekologiýa hyzmatdaşlygynyň ösüşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazar deňzi: ekologiýa hyzmatdaşlygynyň ösüşi

view-icon 4339
Hazar deňzi: ekologiýa hyzmatdaşlygynyň ösüşi

Hazar deňzi dünýäniň iň uly köli hasaplanýar. Çuňlugy boýunça ol dünýäde üçünji orunda durýar (Baýkal (Russiýa Federasiýasy) — 1620 metre, Tanganika (Afrika) — 1435 metre, Hazar deňzi — 1025 metre barabar). Onuň ortaça çuňlugy 208 metr töweregi. Hazar deňzinde tolkunyň hasaba alnan ululygy 11 metre ýetýär. Hazaryň ýene bir özboluşly aýratynlygy onuň akymy ýokdur, muňa garamazdan, suwuň mukdar derejesi durnuksyzlygynda galýar. Hazara 130-a golaý derýa guýýar.

Deňizde 50-ä golaý ada bolup, ol Aziýa bilen Ýewropanyň serhedinde ýerleşýär. Hazar deňzi bütin dünýäde ajaýyp tebigy suw howdany bolup, suw bioserişdeleri we uglewodorod çig-mal serişdeleri onuň esasy baýlyklarydyr. Deňiz onuň kenarynda ýaşaýan halklaryň umumy baýlygydyr. Hazaryň gaýtalanmajak ösümlik we haýwanat dünýäsi ygtybarly goralýar. Döwlet we halkara derejesinde şeýle özboluşly täsinlige eýe bolan Hazar deňzi ýurdumyzda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň giň gerim alýan döwründe daşary syýasy gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýär.

Biziň döwletimiz hoşniýetli daşary syýasatynyň esasy guraly bolan parahatçylyk ýörelgesine eýerip, Hazarýaka döwletleriniň arasynda dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk giňişligini döretmek maksadyndan ugur alýar. Hazarýaka döwletleriň ählisi Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, ondan rejeli peýdalanmak meselesine aýratyn ähmiýet berýärler. Bu ulgamda döwletimiz esasy hyzmatdaşlary, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak arkaly Hazar deňzindäki bar bolan we ýüze çykyp biläýjek ekologik meseleleri çözmekde täze usullary teklip edýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy Konwensiýalaryny tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlylyk görkezýär. BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy maksatnamasy, Ählumumy ekologik gaznasy we beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Döwletimiz Hazar ekologik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine hem işjeň gatnaşýar. Türkmenistan Hazar deňzi boýunça duşuşyklaryň hem-de forumlaryň, şol sanda Ýörite iş toparynyň, Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisleriniň, halkara maslahatlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Häzirki wagtda halkara ylalaşyklarynda we şertnamalarynda göz öňünde tutulan ekologiýa meselelerine uly üns berilýär. Şu nukdaýnazardan hem Hazar deňziniň daşky gurşawynyň, ekologiýasynyň goraglylygyny üpjün etmek Hazarýaka döwletleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Hazarýaka döwletleri tarapyndan 2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa gol çekildi. Bu Konwensiýa 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda tassyklanan badyna güýje girdi. Şonuň esasynda her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde, şol sanda Türkmenistanda hem Hazar deňziniň güni giňden bellenip geçilýär. Mundan başga-da, Hazar deňziniň türkmen böleginde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrmak, Hazar deňzi boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara topar döredildi.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa meseleleri hem-de suw serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy ulgamyndaky oňyn çemeleşmelerine eýermek arkaly, ýurtda dürli ugurly milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, milli seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň, biologiýa köpdürlüliginiň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna oňyn şertler döredilýär. Türkmen halkynyň ýagty geljegini nazarlaýan beýik başlangyçlar dürli hukuk namalary, konsepsiýalar, maksatnamalar, resminamalar bilen berkidilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan tagallalaryny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan strategiýa maksatly ugurlara gönükdirýändigini ýatlamak bolar. Mundan başga-da, halkara we sebit guramalary bilen, hususan-da, BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň — biologiýa taýdan köpdürlülik baradaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny, halkara kölleri goramak we ulanmak, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky halkara hukuk hyzmatdaşlygynyň resminamalary bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň onlarçasyny agzap bileris.

Ýeri gelende, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak maksady baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýa, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýa, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasy halkara resminamalaryň esasynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlygyň netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini hem bellemek zerurdyr.