Ï Daşary işler ministrleriniň Aşgabatdaky duşuşygynda Hazar meselesine aýratyn ähmiýet berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary işler ministrleriniň Aşgabatdaky duşuşygynda Hazar meselesine aýratyn ähmiýet berildi

view-icon 1603
Daşary işler ministrleriniň Aşgabatdaky duşuşygynda Hazar meselesine aýratyn ähmiýet berildi

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerde Hazar sebitinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Türkmenistanyň Daşary işler ministri kenarýaka döwletleriň arasynda sazlaşykly özara hereketleriň möhümligini aýratyn nygtady. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde aýdyň kesgitlenilendigi bellenildi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan edildi.

Bu ugurda şertnamalaryň taslamalaryny ýakyn wagtda tamamlamagyň zerurlygy nygtaldy. Taraplar Hazar deňzi meseleleri boýunça işjeň dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.