Ï Daşoguz welaýatynda hyýaryň we käşiriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda hyýaryň we käşiriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi

view-icon 1800
Daşoguz welaýatynda  hyýaryň we  käşiriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi

Daşoguz welaýatynda gök önümiň käbir görnüşleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Akdepe etrabynyň daýhanlary şu güne çenli 220 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen käşir hasylyny ýygnamagy tamamladylar. Şu günler bolsa hyýar ýygymyny tamamlaýarlar. Hünärmenleriň hasabyna görä, bu hasylyň azyndan 900 tonnasy ýygnalar. Akdepe etrabynyň sebitde bakja we gök ekinlerini iň köp öndürijisidigini ýatladýarys.

Welaýatyň beýleki etraplarynda-da hyýardyr käşiriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Umuman alanyňda, ýerli ekerançylar azyndan 2000 tonna hyýar we 13 müň tonnadan gowrak käşir hasylyny almaga bil baglaýarlar. Şunda, käşir güýzde-de kyrk gektar ýerden ýyglar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde ösdürilip ýetişdirilen sary käşir, palawa üýtgeşik tagam berýän ajaýyp hili üçin aýratyn tapawutlanýar.

Sebitiň ekerançylary  ilaty dürli täze önümler bilen üpjün etmäge möhüm goşant goşýarlar. Olar zerur agrotehniki çäreleri wagtynda we ýokary hilli amala aşyrmaga, önümçilikde ylmy teklipleri işjeň durmuşa geçirmäge we ýer-suw baýlyklaryny tygşytly ulanmaga çalyşýarlar. Bu bolsa olara gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde gazanylan uly tejribe bilen bir hatarda, her ýyl öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.