Ï UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 2161
UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň UK Export Finance (UKEF) kompaniýasynyň Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Şebnem Alpyň ýolbaşçylygyndaky UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda infrastruktura we eksporta gönükdirilen taslamalar bilen baglanyşykly tekliplere garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlylygy beýan etdiler we durnukly ykdysady ösüşe gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.