Ï Türkmenistan bilen Zambiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Zambiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

view-icon 2181
Türkmenistan bilen Zambiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Zambiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbäniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alyşyldy.

Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garadylar.

Mälim bolşy ýaly, Zambiýa Respublikasy 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyna işjeň gatnaşdy.