Ï Daşoguzda «Makämiň» hünärmenleri täze mekdebiň gurluşygyna başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda «Makämiň» hünärmenleri täze mekdebiň gurluşygyna başladylar

view-icon 621
Daşoguzda «Makämiň» hünärmenleri täze mekdebiň gurluşygyna başladylar

Daşogzuň «Gülistan» ýaşaýyş toplumynda ýene bir orta bilim berýän 600 orunlyk döwrebap mekdebiň gurluşygy başlandy. Bu desgany «Mäkäm» hususy kärhananyň hünärmenleri üç ýarym gektar meýdanda bina ederler.

Täze mekdep umumy bilim berýän mekdeplerden edilýän talaplara laýyk bolar. Mekdebiň iki gatly jaýynda giň foýeden, synp we ýolbaşçylyk otaglaryndan başga-da kitaphana, sport zaly, naharhana, oglan-gyzlar bilen zähmet dersi boýunça aýratyn sapak geçer ýaly otaglar, zähmet boýunça nazary sapaklary geçmek üçin aýratyn otag, kompýuter we daşary ýurt dillerini öwretmek üçin lingafon otaglar, mejlisler zaly we beýleki zerur otaglar bolar.

Bu täze desga ýaşaýyş toplumynda gurulýan täze çagalar bagy bilen goňşuçylykda gurulýar. Mekdepde ösen kompýuter tehnikasy, şol sanda interaktiw tagtalar-da ulanylar. Ýokary derejede tehniki üpjünçiligi okuwçylaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşini, olaryň döredijilik ukyplarynyň doly ýüze çykarylmagyny üpjün eder.

Täze desganyň futbol meýdançasy, geografik we zoologik meýdançalary, okuwçylaryň köçe-ýol hereketleriniň kadalaryny öwrenmekleri üçin ýörite meýdança, gimnastik maşklary geçirmek üçin ýerler, tehniki niýetli desgalar toplumy, we beýleki maksatly ýeri doly suratda bag-bakja öwrülip, yşyklandyrylar we abadanlaşdyrylar.

Daşoguz welaýatynda umumy bilim berýän edaralaryň giň ulgamy bar. Bu ýerde bäş ýüzden gowrak umumy bilim berýän mekdep, şol sanda ýatymlaýyn mekdepler-de işleýär. Şunda ýokary hilli okuw ýagdaýyny döretmäge, şol sanda bilim pudagynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, mekdepleri häzirki zaman kompýuter tehnikasy, okuw we görkezme esbaplary bilen enjamlaşdyrmaga we ýangyn howpsuzlygy meselelerine uly üns berilýär.