Ï Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

view-icon 1999

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýew Türkmenistan Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Söhbetdeşligiň başynda Ministr Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýollanan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Iki ýurduň ösüşine itergi berýän bilelikdäki taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, söhbetdeşler medeniýet, bilim we beýleki jemgyýetçilik ugurlaryndaky gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýetini bellediler.

Taraplar iki ýurduň halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.