2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Polşa Respublikasynyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygynyň berkemegini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Daşary işler ministriň orunbasary Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ähli rezolýusiýalary goldandygy üçin polşa tarapyna minnetdarlygyny bildirip, işjeň hökümetara we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge türkmen tarapynyň ygrarlylygyny tassyklady.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýulmagy, iki ýurduň wekiliýetleriniň Türkmenistanda we Polşada guralýan sergilere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, taraplar medeniýet, bilim we ylym ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.