«Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Daşoguz Altyn asyr Türkmen köl gurluşyk» müdirliginiň hünärmenleri sebitde suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilen işlere mynasyp goşant goşýarlar.
Şu günler welaýatyň käbir suw howdanlarynda meýilnama laýyklykda Niderlandlar döwletinde öndürilen, ýokary öndürijilikli, döwrebap «Beaver» kysymly gum sorujy gämiler işjeň ulanylýar. Bu enjamlar bilen hünärmenler zerurlyk ýüze çykanda, suw howdanlarynyň düýbünde emele gelen çökündileri arassalamak boýunça işleri alyp barýarlar.
Häzirki wagtda edaralaryň we guramalaryň, şol sanda «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli aladalarynyň netijesinde ýöriteleşdirilen edara gerekli enjamlar, şol sanda döwrebap «Beaver» kysymly gum sorujy gämiler bilen üpjün edilendir.
Bu bolsa sebitiň umumy ýagdaýynda ekin ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, irrigasiýa ulgamlaryny talabalaýyk ýagdaýda saklamak boýunça toplumlaýyn işleriň üstünlikli alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda önümçilige döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda geçirilýän şeýle işler suw we ýer serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna hem ýardam edýär.