Ï Türkmenistan Merkezi Aziýada multimodal daşamalar boýunça geçirilen maslahata gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Merkezi Aziýada multimodal daşamalar boýunça geçirilen maslahata gatnaşdy

view-icon 1231
Türkmenistan Merkezi Aziýada multimodal daşamalar boýunça geçirilen maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen birlikde sanly söwda we multimodal daşamalar boýunça sebit okuw maksatnamasynyň ilkinji göni modulyna gatnaşdylar.

Bu çäre Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň goldawy astynda durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek» taslamasynyň çäklerinde Daşkent şäherinde geçirildi. Gatnaşyjylar Merkezi Aziýada multimodal daşamalary utgaşdyrmak boýunça sanly gurallaryň ornaşdyrylyşy bilen tanyşdylar.

Hususan-da, ähli ulag görnüşlerini bir ulgama birleşdirmäge we serhetara maglumat alyş-çalyşyny ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýän multimodal daşamalar boýunça etalon maglumat modeline aýratyn üns berildi. Alnan bilimler gatnaşyjylara sebitde netijeli logistik geçelgeleriniň döredilmegine goşantlaryny goşmaga ýardam eder.