Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan ýazyjy Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» atly taryhy eseri esasynda Baýram Akadowyň sahna diline geçiren, teatryň režissýory Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran «Altyn Jan», azerbaýjan dramaturgy N.Musazadeniň maşgala, gaýyn-gelin gatnaşyklarynyň durmuşda gabat gelýän nogsanlyklaryny beýan edýän, baýry aktýor Çemen Şukurowanyň režissýorlyk etmeginde goýlan «Gaýyn ene», dramaturg Durdy Baýlyýewiň tejribeli aktýor Çary Dolyýew tarapyndan sahnalaşdyrylan oba durmuşyndan söz açýan «Söýmedige süýkenme» sahna oýunlary taýýarlanyp, tomaşaçylara hödürlendi.
Häzirki wagtda hem teatrda Çary Dolyýew tarapyndan tatar dramaturgy Tufan Minulliniň «Bir gyza dört aşyk» komediýasyny sahnalaşdyrmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Teatryň döredijilik sanawyndaky spektakllarda Watan mukaddesligi, taryhyň şöhratly sahypalary, merdi-merdanalyk, ähli döwür üçin mahsus bolan ynsan gatnaşyklary, maşgalada ýüze çykýan çylşyrymly durmuş wakalary, nesil terbiýesi, wepalylyk ýaly meseleleri öz içine alýan wakalaryň ynandyryjy beýan edilmegi, olaryň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alynmagy, sahna eserleriniň şowly çykýandygyny subut edýär.
Şeýle sahna eserleri tomaşaçylary özüne çekmekde, şeýle hem doganlyk halklaryň drama eserleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Sungata milletiň ruhy dünýäsiniň sütüni, parahat durmuşyň ilçisi hökmünde garaýan Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mazmuny bilen utgaşýan, taryhy we milli gymmatlyklarymyzy açyp görkezýän sahna eserleri dünýä möçberinde giňden bellenilýän baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna mynasyp sowgatdyr.