2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC 3) bilen baglanyşykly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.