Ï «Bagtyýarlygyň» bagtyýar çagalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Bagtyýarlygyň» bagtyýar çagalary

view-icon 2801
«Bagtyýarlygyň» bagtyýar çagalary

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak, boýunça Lebap welaýatynda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylmagy häzirki wagtda gyzgalaňly dowam edýän jogapkärli döwürde özüniň oňyn netijelerini berýär. 

Türkmenabat şäher häkimligine degişli bolan, her tapgyrda 300 çaga niýetlenen «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine möwsümiň dowamynda üç tapgyrda 900 çaga çekmeklik göz öňünde tutulypdyr. Häzirki wagtda bu merkeze çagalaryň 3-nji tapgyry kabul edilip, ýaş nesilleriň 300-i öz wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Merkezde ýörite lukmanlaryň çagalaryň saglygyna gözegçilik etmekleri, Çärjew etrap alyjylar jemgyýetiniň ýörite düzülen tagamnamalar esasynda çagalar üçin datly tagamlary taýýarlamaklyga ýardam bermekleri bu ýerde üpjünçilik işleriniň talabalaýyk ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. 

Bu sapaly mekanda çagalaryň kadaly dynç almaklary, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary, zähmet endiklerini kemala getirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir, şeýle hem merkezde ýaş nesilleri hünärlere ugrukdyrmak we durmuşa taýýarlamak, sungata höwes döretmek, zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen hünär we aýdym-saz gurnaklary hereket edýär. Çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmek, kompýuter sowatlylygyny artdyrmak boýunça hem ähli mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek bolar. «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde sport bäsleşiklerini yzygiderli geçirmeklik hem däbe öwrülipdir. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bu ýerde geçirilýän medeni we sport çärelerini guramaçylykly geçirmeklige ýakyndan ýardam berýändiklerin-de aýdyp geçmek möhümdir. 

Merkezde dynç alýan çagalaryň welaýatyň çäginde ýerleşýän gadymy ýadygärliklere, Amyderýanyň üstünden gurlan demir ýol we awtomobil köprülerine gezelençleriniň guralmagy ýaş nesilleriň ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny, ajaýyp tebigatyny has-da içgin öwrenmeklerine itergi berýär. Möwsümiň dowamynda çagalaryň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine yzygiderli baryp, ýurdumyzyň taryhy, tebigaty, türkmen halkynyň mukaddes däpleri bilen tanyşdyrýan muzeý gymmatlyklaryny synlamaklary, olaryň düşünjesini has-da artdyrýar. Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň işgärleriniň ýygy-ýygydan bu merkezde bolup, kitap sergilerini guraýandyklaryny, ýurdumyzyň belli ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik agşamlaryny geçirýändiklerini hem aýdyp geçmek bolar. 

Şadyýan çagalaryň Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda goýulýan erteki-spektakllaryna, gysgajyk sahna oýunlaryna tomaşa etmeklik, şeýle hem sagaldyş we dynç alyş merkezinde teatryň ussat artistleri bilen döredijilik duşuşyklaryny guramaklyk yzygiderli ýola goýlupdyr. «Bagtyýarlygyň» bagtyýar çagalarynyň Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlaryna hem uly gyzyklanma bilen tomaşa edendiklerini ýatlap geçmek bolar. Ýaňy-ýakynda Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň guramagynda «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredilen 13-14 ýaşly ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň arasynda ýangyn amaly sporty boýunça 5 tapgyrdan ybarat bäsleşik hem aýratyn täsirliligi, çagalaryň ugurtapyjylygy we oňa gatnaşyjylaryň maksadaokgunlylygy bilen tapawutlandy. Geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara hem-de bäsleşige gatnaşyjylara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. 

Ýaş nesilleriň Amyderýanyň çep kenarynda, sapaly ýerde ýerleşýän hereket edýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmekleri olaryň ruhy we fiziki taýdan kämilleşmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň, ata Watanymyza bolan söýgüsiniň has-da artmagyna, täze okuw ýylyna ruhubelent gadam basmaklaryna ýardam eder.