Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri bilen duşuşdy

view-icon 1538
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg Malwajerd bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar.

Ministrler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň bilelikdäki başlyklary hökmünde ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.